Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Soňra Musa Rebbe: «Eger olar maňa ynanmasalar ýa-da sözüme gulak asman „Reb saňa görnen däldir“ diýseler, men näme edeýin?» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Соңра Муса Реббе: «Эгер олар маңа ынанмасалар я-да сөзүме гулак асман „Реб саңа гөрнен дәлдир“ дийселер, мен нәме эдейин?» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 4:1
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň adamy şol gün bir alamat berip, şeýle diýdi: «Rebbiň aýdan alamaty şudur: „Bu gurbanlyk sypasy çym-pytrak bolup, üstündäki kül dumly-duşa pytrar“».


Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: «Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr» diýip pikir etdi.


Hudaý Musa ýene-de şulary aýtdy: «Ysraýyllaryň ýanyna seni ata-babalaryňyzyň Hudaýy bolan Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň iberendigini aýt. Bu Meniň ebedilik adymdyr, şu at bilen Men nesilme-nesil ýatlanaryn.


Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt.


Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.


Emma Musa Rebbe: «Eý, Taňrym, Öz guluň bolan maňa geplemeziňden öňem, soňam hiç haçan men dilewar adam bolmadyk. Men gepe çeper däl, dilim tutuk ýaly» diýdi.


Harun Rebbiň Musa aýdanlarynyň ählisini olara gürrüň berdi. Halkyň öňünde ol alamatlary hem görkezdi.


Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.


Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň faraon maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi.


Emma Musa Rebbe: «Men söze garyp adam, onsoň faraon meni nädip diňlesin» diýdi.


Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.


Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim.


Musa: „Hudaý halkymy meniň üstüm bilen azat etmekçi, halkym muňa düşüner“ diýip pikir etdi, emma olar muňa düşünmediler.


Şonda Gidegon Rebbe: «Eger menden razy bolsaň, onda Sen Özüňiň Rebdigiňi, meniň bilen Rebbiň gepleşýändigini subut edýän bir alamat görkez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ