Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 38:8 - Mukaddes Kitap

8 Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Реббе йүз тутулян чадырың гирелгесинде хызмат эдйән аялларың йүз гөрүлйән айнасындан Бесалел бүрүнчден леген ясады ве онуң дурян аягыны хем бүрүнчден этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 38:8
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýle hem Hiram on sany bürünç legen ýasady. Her legen on bäş hum tutýardy; her legen dört tirsekdi; on arabanyň hersiniň üstünde bir legen bardy.


Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligini bäş tirsek edip, guýma bürünçden tegelek howuz ýasady. Onuň töweregi otuz tirsekdi.


Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.


ýakma gurbanlyk sypasy we onuň ähli enjamlary, legen we onuň sütüni,


Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçirdi. Onuň daşyny tagtalardan ýasap, gutusynyň içini boş goýdy.


Çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň arasynda legen goýup, oňa suw guý.


Her gün derwezämi garawullap, gapymy gorap, meni diňleýän adam bagtlydyr!


Atyryň deregine porsy ys, bil guşagyň deregine ýüp, buýra zülpleriň deregine kellik, bezemen lybasyň deregine jul, gözelligiň deregine utanç bolar.


Şol gün Dawudyň neslini hem-de Iýerusalimiň halkyny günäden we haramlykdan saplamak üçin bir çeşme çykar.


Petrus bolsa daşarda, howluda otyrdy. Bir keniz onuň ýanyna gelip: «Sen hem jelileli Isa bilen bilediň» diýdi.


Isa oňa: «Ýuwnan adamyň diňe aýagyny ýuwmakdan başga hajaty ýokdur, tutuş bedeni tämizdir. Siz hem tämizsiňiz, ýöne hemmäňiz däl» diýdi.


Ýöne Petrus daşarda, gapynyň agzynda durdy. Onsoň baş ruhany bilen tanyş şägirt daşary çykdy-da, gapyny saklaýan aýala bir zatlar aýdyp, Petrusy içeri saldy.


Ýalňyz galan dul aýal ähli umydyny Hudaýa baglaýandyr. Hudaýdan ýardam sorap, gije-gündiz dileg edýändir.


Muňa diňe beden bilen bagly bolan iýip-içmek we dürli päkleniş parzlary girýär. Bularyň hemmesi täze düzgün ornaşdyrylýança ýerine ýetirilýärdi.


Eziz balalarym! Hiç kime özüňizi aldatmaň! Mesihiň dogruçyl bolşy ýaly, dogry iş edýän adam hem dogruçyldyr.


Ölümden ilkinji bolup direlen, dünýä şalarynyň Hökümdary bolan sadyk şaýat Isa Mesihiň merhemeti we parahatlygy size ýar bolsun! Şöhrat we gudrat baky Mesihiňkidir! Çünki Ol bizi söýensoň, ganyny döküp, günälerimizden azat etdi. Ol bizden Şalyk ýaradyp, Atasy Hudaýa hyzmat etmek üçin bizi ruhanylar belledi. Omyn!


Eliý juda garrapdy. Öz ogullarynyň ysraýyllar bilen nähili daraşýandyklaryny, olaryň Rebbe ýüz tutulýan çadyryň gapysynda hyzmat edýän aýallar bilen ýatýandyklaryny ol eşitdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ