Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 38:26 - Mukaddes Kitap

26 Bu hasaba alnan, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan her adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli erkek adam bardy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Бу хасаба алнан, яшы йигрими ве ондан ёкары болан хер адам башына мукаддес өйүң ресми өлчеги билен бир мысгалдан дүшйәрди. Ол ерде җеми алты йүз үч мүң бәш йүз элли эркек адам барды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 38:26
12 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy.


«Ysraýyllaryň hasabyny almak üçin, ilat sanawyny geçir. Hasaba alnanlaryň hemmesi öz jany üçin Maňa töleg tölesin. Şonda töleg töläp hasaba alnan adamlaryň başyna hiç hili bela inmez.


Ine, hasaba alnanlaryň tölemeli zady: mukaddes öýüň resmi ölçegi boýunça ýarym şekel kümüş. Bir şekel iki mysgala deňdir. Maňa sadaka hökmünde ýarym şekel kümüş bersinler.


Mukaddes öýüň sütüni üçin we tutynyň sütüni üçin ýüz ýetmiş batman kümüş ulanyldy. Ýüz sütün üçin ýüz ýetmiş batman kümüş, bir sütün üçin bir bitin ondan ýedi batman kümüş ulanyldy.


«Uruglaryna we kowumlaryna görä bütin ysraýyl halkynyň her bir erkegini ýekeme-ýeke hasaba al.


Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan ysraýyl goşunynda söweşe ukyply hemme adamy Harun ikiňiz topar-topar edip, ýazyp hasaba almalysyňyz.


Olaryň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.


Ysraýyllaryň uruglaryna görä hasaba alnanlarynyň jemi şeýledi. Düşelgelerdäki hasaba alnan goşunyň jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli adam boldy.


«Ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan söweşe ukyply, bütin ysraýyl halkynyň her bir erkeginiň sanyny kowumlaryna görä ýekeme-ýeke hasaba al» diýdi.


Sanalyp, hasaba alnan ysraýyllaryň jemi alty ýüz bir müň ýedi ýüz otuz adam boldy.


Isa bilen şägirtler Kapernauma gelenlerinden soň, ybadathana salgydyny ýygnaýanlar Petrusyň ýanyna gelip: «Siziň Mugallymyňyz ybadathana salgydyny tölänokmy?» diýip soradylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ