Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 37:9 - Mukaddes Kitap

9 Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp durdular. Olaryň ýüzleri biri-biriniň garşysynda bolup, göni gapaga tarap seredýärdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Керуплар ганатларыны гапагың депесинде яйып, онуң үстүне сая салып дурдулар. Оларың йүзлери бири-бириниң гаршысында болуп, гөни гапага тарап середйәрдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 37:9
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup düýşünde ýerden asmana uzalyp gidýän basgançaklary gördi. Hudaýyň perişdeleri şol basgançaklardan ýokary çykyp, aşak düşüp ýörmüşler.


Ol adamy bagdan kowdy; soňra Ol ýaşaýyş daragtyna barýan ýoly goramak üçin, bagyň gündogarynda keruplar hem-de aýlanyp duran ýalynly gylyjy goýdy.


Süleýman keruplary Rebbiň öýüniň içki otagynda goýdy. Olaryň ganatlary, biriniň ganaty diwaryň bir tarapyna, beýlekisiniň ganaty diwaryň eýleki tarapyna ýeter ýaly gerlip goýlandy. Keruplaryň beýleki ganatlary öýüň ortasyna tarap gerlip durdy.


Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar.


Şeýle hem ol akasiýa agajyndan hantagta ýasady. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek boldy.


Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirdi. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, olary gapak bilen bir bitewi edip berkitdi.


Onuň ýokarsynda seraflar durdy; hersiniň alty ganaty bardy. Olar ganatlarynyň ikisi bilen ýüzlerini, beýleki ikisi bilen aýaklaryny büreýärdiler, galan ikisi bilen-de uçýardylar.


Isa sözüni dowam edip: «Size dogrusyny aýdýaryn, indi siz gökleriň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň huzuryna inip-çykyşyny görersiňiz» diýdi.


Biz hem ýüzümizi basyrman, Rebbiň şöhratynyň ýalkymyny görýäris. Rebbiň Ruhy ählimizi gitdigisaýy nurlandyryp, bizi Öz keşbine özgerdýär.


Özüniň çuňňur baý akyldarlygy imanlylar ýygnagy arkaly gökdäki ruhy hökümdarlara we erk-ygtyýarlylara bildirilsin diýip, Hudaý şeýle etdi.


Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.


Iman syrynyň çuňdugyna asla şübhe ýokdur: Isa Mesih ynsan bedeninde aýan bolup, Mukaddes Ruh arkaly tassyklanyldy. Perişdeler Ony gördüler, Ol milletler arasynda wagyz edildi. Oňa bu dünýäde iman edildi, Ol şan-şöhrat içinde göge alyndy.


Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär.


Şonda bu habaryň pygamberler üçin däl-de, siziň üçindigi aýan boldy. Häzirki wagtda bolsa gökden berlen Hoş Habar size Mukaddes Ruhuň gudraty bilen wagyz edilýär. Bu zatlara hatda perişdeler-de düşünmäge çalyşdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ