Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 32:7 - Mukaddes Kitap

7 Reb Musa şeýle diýdi: «Häziriň özünde aşak düş! Seniň Müsürden çykaran halkyň azgynçylyga ýüz urdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Реб Муса шейле дийди: «Хәзириң өзүнде ашак дүш! Сениң Мүсүрден чыкаран халкың азгынчылыга йүз урды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 32:7
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýotam kakasy Uzyýa ýaly Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi; emma ol Rebbiň ybadathanasyna girmedi. Halk entek hem erbet işleri edýärdi.


Reb oňa: «Aşak düş-de, Haruny özüň bilen alyp gel, ýöne ruhanylar we adamlar Meniň ýanyma çykjak bolup, serhedi bozmasynlar, ýogsam, Men ol adamlary heläk ederin» diýdi.


Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler.


Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň?


Harun galyp etdi, olaryň altynlaryny eredip, ondan göläniň heýkelini ýasady. Adamlar muňa: «Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur» diýişdiler.


Reb Musa: «Baryň, bu ýeri taşlap gidiň. Sen we Müsürden getiren halkyň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň nesillerine Meniň wada beren ýerime gidiň.


Günä edýän milletiň, ýazygy agyr halkyň, pislik edýän zürýatlaryň, azgynlyk edýän çagalaryň halyna waý! Olar Rebbi terk etdiler, Ysraýylyň Mukaddesini äsgermediler, Ondan ýüz öwürdiler.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


Gibga günlerinde bolşy ýaly, Olar agyr heläkçilige düşdüler. Ol etmişlerini ýatlar. Olaryň etmişlerine görä jeza bar.


Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Ahyrky günlerde başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».


Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.


Özüňiz üçin but ýasap, azgynçylyga baş urmaň. Erkek ýa aýal şekilinde, ýerdäki haýwan, howada uçýan ganatly guş, ýerde süýrenýän süýreniji şekilinde, ýerden aşakdaky suwlarda ýaşaýan balyk şekilinde özüňize hiç hili but ýasamaň.


Soňra Reb maňa: „Bar, bu ýerden çalt aşak düş, çünki seniň Müsürden çykaryp getiren bu halkyň azgynçylyga baş urdy. Olar Meniň buýran ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine but ýasadylar“ diýdi.


Siz hatda Horepde Rebbiň gaharyny getirdiňiz. Rebbiň size şeýle bir gahary geldi, hatda Ol sizi ýok edip taşlamaga-da taýýardy.


Emma serdar ölen badyna, olar ýene öňki ýollaryna dolanýardylar, ata-babalaryndan beter bozulýardylar; başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde ederdiler. Şeýdip, olar tekepbirlik bilen özleriniň bet işlerinden el üzmediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ