Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 32:5 - Mukaddes Kitap

5 Harun muny görende, onuň öňünde gurbanlyk sypasyny ýasady we jar edip: «Ertir Rebbiň şanyna baýramçylyk ederis» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Харун муны гөренде, онуң өңүнде гурбанлык сыпасыны ясады ве җар эдип: «Эртир Реббиң шанына байрамчылык эдерис» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 32:5
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol hatlarda şeýle ýazylypdy: «Agyz beklemegi yglan ediň-de, Nabody halkyň öňünde törde oturdyň.


Ýehu öz adamlaryna: «Bagalyň hatyrasyna oňa sežde etmek üçin ýygnanyşyk gününi yglan ediň» diýip buýruk berdi. Ýehuwyň adamlary Bagala sežde edilmeli güni yglan etdiler.


Uryýa ruhany Ahaz patyşanyň Damaskdan iberen nusgasyna görä gurbanlyk sypasyny ýasady. Uryýa muny patyşa Damaskdan gelmänkä ýasap gutardy.


Şeýdip, halk Iýerusalime gelip, Ysraýyl Hudaýy Reb üçin Pesah baýramyny bellesinler diýip, Beýerşebadan Dana çenli tutuş Ysraýylda yglan etmeli diýen karara geldiler, sebäbi halkyň köp bölegi Pesah baýramyny aýdylyşy ýaly ýerine ýetirmändiler.


Musa oňa: «Biz garry-ýaşlarymyz bilen, ogul-gyzlarymyz bilen, mal-garadyr dowarlarymyz bilen bile gideris, sebäbi biz Rebbiň şanyna baýram etmeli» diýdi.


Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Meniň şanyma baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.


Musa gurbanlyk sypasyny ýasady we oňa: «Reb meniň tugumdyr!» diýip at berdi.


Harun galyp etdi, olaryň altynlaryny eredip, ondan göläniň heýkelini ýasady. Adamlar muňa: «Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur» diýişdiler.


Ertesi gün halk irden turup, ýakma gurbanlygyny we salamatlyk sadakasyny berdi. Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup oýnaşmaga başladylar.


Efraýym günä gurbanlyk bermäge, köp gurbanlyk sypalaryny gurdy. Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy.


Ysraýyl özüni Ýaradany unutdy. Özüne köşkler gurdy. Ýahuda hem galalary köpeltdi. Ýöne Men olaryň şäherine ot göndererin. Galalaryny ot ýuwudar».


«Ysraýyl halkyna aýt: „Rebbiň dini baýramlary, ýagny siz tarapyndan mukaddes ýygnanyşyklar hökmünde yglan edilmeli Meniň baýramlarym, ine, şulardyr.


Şol gün siz halky mukaddes ýygnanyşyga çagyryň. Şol gün siz işlemäň. Bu nirede ýaşaýandygyňyza garamazdan, siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedilik düzgün bolsun.


Mukaddes ýygnanyşyklarda Rebbiň bellemegi buýran baýramlary şulardyr: Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka paýlary: ýakma gurbanlyklary, galla sadakalary, başga gurbanlyklary we hödür edilen içgileriň hemmesini öz bellenmeli günlerinde beriň.


Ine, Rebbiň şu baýramlaryny siz kesgitlenen wagtlarynda bellemelisiňiz.


Şoňa görä, baýramy köne hamyrmaýa: gahar-gazap we pislik bilen bellemäliň. Tersine, ony petir hamyry: päk ýüreklilik we hakykat bilen belläliň.


Şawul ol ýerde Rebbe bir gurbanlyk sypasyny ýasady. Bu onuň Rebbe ýasan ilkinji gurbanlyk sypasydy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ