Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 32:1 - Mukaddes Kitap

1 Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Халк Мусаның дагдан ызына доланман, ол ерде көп эглененини гөрүп, Харуның дашына үйшдүлер ве оңа: «Өңбашчылык эдер ялы, ханы, бизе бир худай яса, чүнки бизи Мүсүрден чыкарып гетирен Муса диен адама нәме боланыны биз билемзок» дийдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 32:1
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.


Abymelek oňa: «Muny men şu wagt eşidýärin. Ony kimiň edendiginden habarym ýok. Sen muny maňa habar bermediň» diýdi.


Emma Ýusup mundan boýun gaçyryp, şeýle diýdi: «Jenabym öýüň hiç bir zady üçin baş galdyrmaýar. Ol öz eýeçiligindäki bar zatlary meniň baştutanlygyma berdi.


Ýusup olara: «Bu näme etdigiňiz boldy?! Meniň ýaly adamyň geljegi bilip, kimiň günäkärdigini biljekdigi hakynda pikir etmediňizmi?» diýdi.


Olar heniz galadan uzaklaşmankalar, Ýusup baş hyzmatkärine: «Bar, yzlaryndan ýet-de, olara: „Ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermäňiz näme?


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Reb olaryň öňünden ýol görkezip, gündizine bulut sütüni bolup, gijesine bolsa ot sütüni bolup, olaryň ýollaryny ýagtyldýardy. Şonda olar gündiz hem, gije hem ýol ýöräp bilýärdiler.


Ysraýyllar Musa: «Müsürde näme gabyr ýokmudy? Sen biziň çölde ölmegimiz üçin alyp gaýtdyňmy? Bizi Müsürden çykaryp, bu näme etdigiň boldy?


Olar şeýle diýdiler: «Biz Rebbiň elinden Müsürde ölen bolsak gowy bolardy. Biz ol ýerde etli gazanlar ataryp, doýýançak nahar iýerdik. Siz bolsa bu tutuş jemagaty açlykdan öldürmek üçin çöle getiripsiňiz».


Özüňiz üçin Menden başga altyn-kümüşden hudaýlar ýasamaň.


Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek» diýdi.


Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy.


Emma Musa Hudaýy Rebbe ýalbaryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, näme üçin beýik güýjüň bilen we gudratly goluň bilen Müsür ýurdundan getiren bu halkyňa gahar edýäň?


Harun oňa: «Jenabym, maňa gaharyň gelmesin, bu halkyň päliniň bozukdygyny özüň bilýärsiň-ä.


Olar maňa: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny bilemzok“ diýdiler.


Reb Musa şeýle diýdi: «Häziriň özünde aşak düş! Seniň Müsürden çykaran halkyň azgynçylyga ýüz urdy.


Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi.


Ýöne olar Meniň garşyma gozgalaň turuzdylar, Meni diňlemek islemediler; olaryň hiç biri gözlerine ýakymly görünýän nejis zatlaryny taşlamady, Müsür butlaryny-da terk etmedi. Onsoň Men gahar-gazabymy Müsürde olaryň başyndan inderjekdigimi aýtdym.


Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy. Pygamber üsti bilen ony gorady.


Men sizi Müsürden çykardym, Gulçulykdan azat etdim, Size baş edip, Musany, Haruny we Merýemi iberdim.


Meniň şöhratymy, Müsürde we çölde görkezen alamatlarymy gören, şonda-da Meni on gezek synap, Meniň sözüme boýun bolmadyklaryň hiç biri


Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň gije sagat näçede geljegini bilsedi, oýa bolardy, öýüni talatmazdy.


Emma ýaman niýetli hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip,


Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris.


Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.


Olar Haruna: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaýlar ýasap ber, sebäbi bizi Müsürden çykaryp getiren Musa näme bolanyny bilemzok“ diýdiler.


Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!»


Eý, ysraýyl halky, gulak sal: indi siz Iordan derýasyndan geçip, özüňizden beýik we güýçli halklaryň ýerlerini mülk edip alarsyňyz. Olaryň galalary göge ýetip duran beýik we berk diwarly galalardyr.


Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim.


Ýeriňden tur-da, adamlara inlerini tämizlemegi buýur. Goý, olar ertire çenli inlerini tämizläp päklensinler. Sebäbi Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Eý, Ysraýyl, ýok edilmeli zatlar seniň öz içiňde. Şoňa görä-de sen tä öz içiňden olary aýryp taşlaýançaň, öz duşmanlaryňyň öňünde durup bilmersiň.


Olar: «Hany, Rebbiň geljekdigi barada beren wadasy? Ata-babalarymyz ölenden bäri hemme zat owal-başda nähili ýaradylan bolsa, şonuň ýaly hem dur» diýip ýaňsylarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ