Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler
Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň.
Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleliň bürünçden ýasan gurbanlyk sypasy bolsa Gibgonda Rebbiň mukaddes çadyrynyň öňündedi. Şoňa görä Süleýman bilen jemagat ol ýere Rebden maslahat soramaga gitdiler.
Onuň ýanynda dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýap hem bardy. Ol zergär we ussady, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen mata we nepis zygyr mata keşde çekýänçidi.
Hiram Naftaly tiresinden bolan bir dul hatynyň ogludy, kakasy hem surly bürünç ussasydy. Ol bürünçden zat ýasamakda gaty ussat, ökde we tejribeli ussady. Ol Süleýman patyşanyň çagyryşyny kabul etdi. Hiram Süleýmanyň bürünçden ýasalmaly zatlarynyň ählisini ýasady.