Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 30:7 - Mukaddes Kitap

7 Her gün irden Harun çyrany arassalap ýaglamaga gelende, bu sypanyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýaksyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Хер гүн ирден Харун чыраны арассалап ягламага геленде, бу сыпаның үстүнде якымлы ыслы түтетги яксын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 30:7
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Imranyň ogullary: Harun bilen Musa. Harun iň mukaddes zatlary bagyş etmäge saýlandy. Şeýlelikde, ol hem onuň ogullary elmydama Rebbiň öňünde gurbanlyklar bermelidirler, Oňa hyzmat etmelidirler hem Onuň ady bilen pata bermelidiler.


Elkana Şamuweliň atasy, Ýeroham Elkananyň atasy, Eliýel Ýoramyň atasy, Towa Eliýeliň atasy,


Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.


Ine, men Hudaýym Rebbe öý gurup, ol öýi Oňa bagyş etmekçi bolýaryn. Ol öýde Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakylar, gündeki hödür çöregi hödürlener, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklary hödürlener. Bular Ysraýyl üçin ebedi parzdyr.


Olar Uzyýa patyşa garşy çykyp, oňa şeýle diýdiler: «Eý, Uzyýa, Rebbe ýakymly ysly tütetgi ýakmak seniň işiň däl, ol Harunyň neslinden bolan, mukaddes edilen ruhanylaryň işidir. Sen mukaddes öýden çyk, çünki sen hyýanat etdiň. Bu iş saňa Hudaýymyz Rebden hormat getirmez».


Olar eýwanyň gapylaryny hem gulplap, çyralary öçürdiler. Mukaddes ýerde Ysraýylyň Hudaýyna ýakymly ysly tütetgi ýakmadylar, ýakma gurbanlyk bermediler.


Onuň öňüne arz-halymy dökýärin, Onuň öňünde gaýgylarymy beýan edýärin.


Reb Musa şeýle diýdi: «Hoşboý ysly zatlary: balzamy, onikany, galbanumy we ýakymly ysly tütetgini al. (Bularyň hemmesi deň möçberde bolsun.)


Sypany Äht sandygynyň ýanyndan asylgy tutynyň öňünde ýerleşdir. Ony Äht sandygynyň gapagynyň dogrusynda goý, çünki Men ol ýerde seniň bilen duşuşaryn.


Ol agşam çyrany ýakmaga gelende-de şeýle etsin. Siz bu ýakymly ysly tütetgini Meniň huzurymda hemişe nesilme-nesil etmelisiňiz.


Musa Rebbiň buýruşy ýaly, onuň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýakdy.


ýa-da ýalandan ant içen islendik zadyny bütinligine we onuň bäşden bir gymmatyny-da üstüne goşup, öz ýazygyny bilen badyna, ony eýesine gaýtaryp bersin.


Bu ysraýyllara Harunyň neslinden bolmadyk kişiniň Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgini hödür etmeli däldigini, ýogsam Koranyň we onuň ýoldaşlarynyň gününe düşjekdigini ýatladyp durmak üçindi. Elgazar bularyň baryny edil Rebbiň Musa arkaly özüne aýdyşy ýaly etdi.


Içi tütetgiden doly, agramy ýigrimi mysgal bolan altyn jam.


Şonda ruhanylyk adaty boýunça, ýakymly ysly tütetgi tütetmek üçin, Rebbiň ybadathanasyna girmek onuň bijesine düşdi.


Biz bolsa özümizi Hudaýa doga-dileg etmäge we Onuň Hoş Habaryny wagyz etmäge bagyş edeliň».


Seniň hökümleriňi Ýakuba, Kanunyňy Ysraýyla öwreder. Seniň huzuryňda hoşboý buhur, gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.


Meniň ruhanym bolup, gurbanlyk sypamyň üstüne çykyp, ýakymly ysly tütetgi ýakyp, Meniň huzurymda efot geýer ýaly, Ysraýylyň ähli tireleriniň içinden Men ony saýladym. Ysraýyllar tarapyndan berlen ýakma gurbanlyklaryndan paý almaga diňe seniň ataňyň nesline rugsat berdim.


Şamuwel hem Hudaýyň sandygynyň saklanýan ýeri bolan Rebbiň ybadathanasynda ýatyrdy. Hudaýyň çyrasy heniz sönmändi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ