ýakymly ysly tütetgi sypasy üçin sarp ediljek sap altynyň agramynyň, ganatlaryny ýaýyp, Rebbiň Äht sandygyny büräp oturan keruplar üçin altyn arabanyň teswirini berdi.
Harun bilen onuň nesilleri ýakma gurbanlyk sypasynda, ýakymly ysly tütetgi sypasynda sadakalar hödürlediler. Iň mukaddes otagyň ähli işlerini etdiler. Hudaýyň guly Musanyň tabşyryklaryna laýyklykda, olar ysraýyl halkyny günäsinden sapladylar.
Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.
Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, ýylda bir gezek nesillerboýy günä gurbanlygyny ber. Sypa Rebbe bagyş edilendir».
Onuň uzynlygy-da, ini-de bir tirsek bolup, ol dörtburç bolsun. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlary bilen bile tutuş bir bitewi edilsin.
Gurbanlyk sypasy agaçdan bolup, beýikligi üç tirsek, uzynlygy iki tirsekdi; burçlary, uzynlygy we diwarlary hem agaçdandy. Ol maňa: «Rebbiň huzuryndaky hantagta budur» diýdi.
Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrda Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Galan gany bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.
Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün.
Olar gorag hyzmatlaryndan şulara: sandyga, hantagta, çyradana, gurbanlyk sypasyna, mukaddes öýüň enjamlaryna, ýapynja we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.
Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy.
Başga bir perişde gelip, gurbanlyk sypasynyň öňünde durdy. Onuň elinde altyndan gap bardy. Bu perişdä köp mukdarda ýakymly ysly tütetgi berildi. Ol bu tütetgini Hudaýyň halkynyň doga-dileglerine goşup, tagtyň öňündäki altyndan ýasalan gurbanlyk sypasynda hödür etmelidi.