Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:9 - Mukaddes Kitap

9 Ine, indi Maňa ysraýyllaryň ahy-nalasy gelip ýetdi, Men müsürlileriň olary zalymlyk bilen ezýändiklerini gördüm.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ине, инди Маңа ысрайылларың ахы-наласы гелип етди, Мен мүсүрлилериң олары залымлык билен эзйәндиклерини гөрдүм.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:9
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar. Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň, çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi.


Perişde: „Seret, çakyşýan tekelerdir geçiler diňe ala-mula, tegmiltli we hallydyr. Labanyň saňa edýän zatlarynyň ählisini Men gördüm.


Ýehogahaz Rebbe ýalbardy, Reb hem ony eşitdi, çünki Reb Ysraýylyň çekýän sütemini, Siriýa patyşasynyň olara berýän ezýetini gördi.


«Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň.


Sen ata-babalarymyzyň Müsürde başyndan inen külpetlerini gördüň; Gyzyl deňziň kenaryndaky perýatlaryny eşitdiň.


Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.


Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi; Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Sion gyzynyň derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.


Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular.


Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.


Indi bolsa Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy.


Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi.


Hudaý ysraýyllara nazar salyp, olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi.


Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin.


Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.


Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Biz ata-babalarymyzyň Hudaýy Rebbe dady-perýat etdik. Reb biziň sesimize gulak asdy we biziň çekýän jebirlerimizi, agyr zähmetimizi we ezilýändigimizi gördi.


«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ