Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Şonuň üçin hem Men olary müsürlileriň elinden azat etmek üçin aşak indim. Men olary süýt we bal akýan mes toprakly ýurda – kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna alyp barjak.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Шонуң үчин хем Мен олары мүсүрлилериң элинден азат этмек үчин ашак индим. Мен олары сүйт ве бал акян мес топраклы юрда – кенганларың, хетлериң, аморларың, перизлериң, хивилериң ве ябусларың юрдуна алып барҗак.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:8
54 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb ynsanlaryň gurýan galasyny hem-de minarasyny görmek üçin aşak indi.


Geliň, aşak ineliň-de, biri-biriniň gepine düşünmez ýaly, olaryň dilini garyşdyralyň» diýdi.


Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun: seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.


Emma Men seniň nesliňi gul eden milletiň jezasyny bererin. Şondan soň olar ummasyz mal-mülki bilen ol ýerden çykarlar.


Men aşak düşüp göreýin. Olaryň etmişi, hakykatdan-da, Maňa ýetişi ýaly erbetmikä? Men anyklaýyn» diýdi.


Kakalary Ysraýyl olara şeýle diýdi: «Bolýar, gidiň, ýöne ýanyňyz bilen häkim üçin sowgat hökmünde, şu ýurduň iň oňat näz-nygmatlaryndan: biraz melhem, biraz bal, ladan, atyr, pisse hem badam äkidiň.


Men seniň bilen bile Müsüre giderin we seni soň ýene-de öz topragyňa getirerin. Sen dünýäden öteniňde, Ýusup seniň ýanyňda bolar».


Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.


Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.


Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.


Men bolsa bil bagladym sadyk söýgiňe, ýüregim halas edişiňe begener. Men Rebbe nagma aýdaryn, sebäbi Ol maňa jomartlyk etdi.


Goý, heläkçilik duýdansyz olaň başyna insin, gizlin guran duzaklaryna özleri düşsün, heläkçilige uçranda, goý, şoňa düşsün.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy.


Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy.


Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.


Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.


Meniň bu günki buýurýan buýruklarymy ýerine ýetir. Seret, Men siziň öňüňizden amorlary, kenganlary, hetleri, perizleri, hiwileri we ýabuslary kowup çykararyn.


Seniň adyňdan faraon bilen gepleşmäge gelelim bäri, ol bu adamlara görgi baryny görkezdi. Sen bolsa Öz halkyňy azat etmek üçin ýekeje-de zat etmediň» diýdi.


Soňra men gelip, sizi öz ýurduňyza meňzeş bir ýurda alyp bararyn. Ol ýer bugdaý, şerap, çörek, üzümlik mekanydyr“.


Gökleri ýaryp, aşak insediň, Sen! Öňüňde titreşsedi daglar!


Şeýtseňiz, Men ata-babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermegi ant içip, beren sözümi ýerine ýetirerin’. Ine, görşüňiz ýaly, ony size berdim“». Onsoň men: «Goý, şeýle bolsun, ýa Reb!» diýip jogap berdim.


Miwesidir näz-nygmatyndan iýsin diýip, getirdim Men sizi bereketli ýere. Emma gireniňizde ol ýere, haram etdiňiz siz ülkämi, nejis zada öwürdiňiz mülkümi.


Ata-babalaryna wada eden bu süýt we bal akýan ýurdy olara berdiň.


Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.


Emma Men size şeýle diýdim: ‘Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin’. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Şeýle-de amor ýurduny eýelemegiňiz üçin, Men sizi Müsürden çykardym, çölde kyrk ýyllap ýol görkezdim.


Musa olary Kengan ýurduny gözden geçirmek üçin ugradanda, şeýle diýdi: «Mundan göni Negebe gidip, daglyga çykyň.


Ýurduň nähilidigini synlaň. Ol ýerde ýaşaýan halk güýçlümi ýa ejiz, köplükmi ýa azlyk?


Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler.


Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe gökden inen Ynsan Ogly çykandyr.


Çünki Men Öz yradamy däl-de, Meni Ibereniň yradasyny berjaý etmek üçin gökden indim.


Yzlaryna dolanyp gelenlerinde, olar bize şol ýurduň miwe önümlerinden ýygyp getirdiler. Olar: „Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurdy gowy ýurt eken“ diýen habary getirdiler.


Indi ýörişiňizi dowam ediň, amorlaryň ýaşaýan daglygyna, şeýle hem, goňşy ülkelere: Araba düzlügine, daglyga, günbatar baýyrlyklara, Negep çölüne, deňiz ýakasyndaky Kengan ýurduna, Liwana we beýik Ýewfrat derýasyna çenli gidiň.


Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň söz berşi ýaly, Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň berýän süýt we bal akýan ýurduna gireniňizde, bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne ýazyň.


Ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda ýaşanyňyzda, Reb siziň örňäp ösmegiňizi, mal-garalaryňyzyň artmagyny we topragyňyzyň hasylyny bolluk bilen eçiler.


Şonuň üçin hem, eý, ysraýyl halky, gulak goý. Olary yhlas bilen ýerine ýetiriň, şonda gowy günler görersiňiz we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, süýt we bal akýan ýurdunda has köpelip ýaýrarsyňyz.


«Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Ol sizden has güýçli we köp sanly halklary öňüňizden kowup çykarar. Olar hetler, girgaşlar, amorlar, kenganlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar jemi ýedi milletdir.


Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdan gezdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi.


Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar.


Ysraýyllar hiwilere: «Belki, siz bize golaý ýaşaýansyňyz. Eger şeýle bolsa, biz siziň bilen nähili ylalaşyk baglaşaly?» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ