Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Soňra Reb ýene-de: «Men halkymyň Müsürde çekýän jebir-sütemini, hakykatdan-da, gördüm, olaryň müsür hojaýynlaryndan ýaňa nalaýandyklaryny eşitdim. Men olaryň çekýän jebir-jepalaryny bilýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Соңра Реб ене-де: «Мен халкымың Мүсүрде чекйән җебир-сүтемини, хакыкатдан-да, гөрдүм, оларың мүсүр хоҗайынларындан яңа налаяндыкларыны эшитдим. Мен оларың чекйән җебир-җепаларыны билйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:7
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar. Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň, çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi.


Men aşak düşüp göreýin. Olaryň etmişi, hakykatdan-da, Maňa ýetişi ýaly erbetmikä? Men anyklaýyn» diýdi.


Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Hudaýyň perişdesi gökden Hajary çagyryp: «Hajar, näme boldy? Gorkma, Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Bar, oglany ýerinden galdyr-da, elinden tut. Men ondan bir beýik millet ýaradaryn» diýdi.


Leýa göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ol ogluna Ruben diýip at goýdy, çünki ol: «Reb meniň betbagtlygymy gördi, indi meni adamym halar» diýdi.


Perişde: „Seret, çakyşýan tekelerdir geçiler diňe ala-mula, tegmiltli we hallydyr. Labanyň saňa edýän zatlarynyň ählisini Men gördüm.


Eger atam Ybraýymyň Hudaýy we kakam Yshagyň Heder Edýäni meniň bilen bile bolmadyk bolsa, onda sen häzir hem meni boş kowup goýbererdiň. Hudaý meniň çeken ezýetlerimi hem zähmetimi görüp, öten agşam saňa duýduryş berdi».


Pesgöwünli halky halas edýärsiň, emma tekepbir gözleri peseldýärsiň Sen.


Ýehogahaz Rebbe ýalbardy, Reb hem ony eşitdi, çünki Reb Ysraýylyň çekýän sütemini, Siriýa patyşasynyň olara berýän ezýetini gördi.


«Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň.


Sen ata-babalarymyzyň Müsürde başyndan inen külpetlerini gördüň; Gyzyl deňziň kenaryndaky perýatlaryny eşitdiň.


Men bolsa bil bagladym sadyk söýgiňe, ýüregim halas edişiňe begener. Men Rebbe nagma aýdaryn, sebäbi Ol maňa jomartlyk etdi.


Duşmanlar aňtaýar meniň janymy, ýer bilen ýegsan etdiler ýaşaýşymy, gadymyýetde ölenler kimin, olar tümlükde oturtdy meni.


Janymyň kastyna çykanlar, goý, utanyp masgara bolsun; maňa garşy erbetlik niýetlänler yzyna dönsün, ýüzi gyzarsyn.


Goý, olaryň ýoly garaňky hem sürçek bolsun; Rebbiň perişdesi olary kowsun.


Ýa Reb, maňa merhemet eýle, gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi; Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly, Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän. Sion gyzynyň derwezelerinde Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.


Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar faraon üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular.


Indi bolsa Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy.


Eger ezýet berseňiz, olar hem maňa nalyş etseler, Men hökman olaryň perýadyny eşiderin.


Eger men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr».


Şeýlelikde, ysraýyllaryň gul eýeleri we olaryň baş gözegçileri çykyp, olara: «Faraon şeýle diýýär: „Men size saman berjek däl.


Şol günüň özünde faraon gul hojaýynlaryna we ysraýyllaryň özleriniň baş gözegçilerine şeýle buýruk berdi:


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus.


Müsürde halkymyň çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň ahy-nalasyny eşitdim. Men olary azat etmek üçin aşak indim. Indi, gel, Men seni Müsüre ibereýin“ diýdi.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ