Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:4 - Mukaddes Kitap

4 Reb Musanyň ýakynlaşyp gelýändigini görende, çalynyň içinden oňa: «Musa! Musa!» diýip seslendi. Musa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Реб Мусаның якынлашып гелйәндигини гөренде, чалының ичинден оңа: «Муса! Муса!» дийип сесленди. Муса: «Лепбей» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:4
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi.


Ýakup oýanyp: «Hakykatdan-da, Reb şu ýerde. Men muny bilmändirin!» diýdi.


Şol gije Hudaý Ysraýyla görnüp, oňa: «Ýakup! Ýakup!» diýdi. Ysraýyl Oňa: «Lepbeý!» diýip jogap berdi.


Olar gylyjyň zarbyna berler, hem-de şagallara şam bolar.


Musa Hudaý bilen duşuşmak üçin daga çykdy. Dagyň depesinden Reb ony çagyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara, ýagny Ýakubyň nesline şuny aýt:


Oňa çalynyň ortarasynda alawly ot bolup, Rebbiň bir perişdesi göründi. Musa çalynyň ýanýandygyna garamazdan, onuň hiç otda ýanyp gutarmaýandygyny gördi.


Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň.


Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.


Reb Özüne ýüz tutulýan çadyrdan Musany çagyryp, oňa şeýle diýdi:


Bir ses oňa: «Petrus! Tur, damaklaryny çal-da, iý!» diýdi.


Bir gün öýlän sagat üçlerde Kornelä bir görnüş aýan bolup, öz ýanyna Hudaýyň bir perişdesiniň gelenini aýdyň gördi. Perişde: «Eý, Korneliý!» diýip seslendi.


Şawul ýere ýykyldy. Şonda ol: «Şawul! Şawul! Näme üçin Maňa azar berýärsiň?» diýen sesi eşitdi.


ýeriň iň gymmat peşgeşi we dolulygy bilen, ýanýan çalyda Görneniň merhemeti bereket bersin. Bu bereketler öz doganlarynyň arasyndan saýlanyp-seçilen Ýusubyň başyna ýagsyn.


Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.


Birden Reb: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ony çagyrdy. Şamuwel: «Lepbeý!» diýip seslendi-de, Eliýiň ýanyna ylgady. Ol baryp: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa: «Men seni çagyramok ahyryn, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel gidip ýatdy.


Reb: «Şamuwel!» diýip, ony ýene çagyrdy. Şamuwel ýene turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa ýene: «Men seni çagyramok ahyryn, oglum, bar, ýatyber» diýdi.


Reb Şamuweli üçünji gezek çagyrdy. Ol ýene-de turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Şondan soň oglany Rebbiň çagyrýandygyna Eliý düşündi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ