Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:20 - Mukaddes Kitap

20 Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

20 Шонуң үчин хем, Мен Мүсүре гөз гөркезерин ве онуң ичинде этҗек әхли гең гудратларым билен оларың теммисини берерин. Шондан соң патыша сизи гойберер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:20
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Men seniň nesliňi gul eden milletiň jezasyny bererin. Şondan soň olar ummasyz mal-mülki bilen ol ýerden çykarlar.


Faraonyň garşysyna, onuň ähli hyzmatkärleriniň we onuň ýurdunyň ähli ilatynyň garşysyna alamatlar, gudratlar görkezdiň. Çünki Sen olaryň biziň atalarymyza garşy tekepbirlik bilen hereket edendiklerini bilýärdiň. Sen Özüňe şu günlere çenli öçmejek şöhratly at gazandyň.


Olar ogullaryny we gyzlaryny Kengan butlaryna gurban etdiler, olaryň bigünä ganyn dökdüler; ýurdy gan bilen haramladylar.


şükür gurbanlyklaryny, goý, hödürlesin, Onuň işlerini şatlyk nagmasynda beýan eýlesin.


Reb Musa ýene-de: «Faraonyň we Müsüriň üstünden ýene bir betbagtçylyk indererin. Şondan soň faraon size ol ýerden gitmäge rugsat eder. Ol sizi goýberende, öz ýurdundan büs-bütin kowup çykarar.


Ysraýyllar Müsürden alyp gaýdan hamyrlaryndan petir kökeler bişirdiler. Hamyr petirlikdi, sebäbi olar Müsürden gyssanmaç kowlup çykarylypdylar. Olar hatda özlerine ýol üçin azyk-owkat hem taýýarlap ýetişmändiler.


Musa halka şeýle diýdi: «Bu güni ýatda saklaň, çünki siz bu gün gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykdyňyz. Ol ýerden Reb sizi Özüniň beýik güýji bilen alyp çykdy. Hamyrmaýaly çörek iýilmeli däldir.


Goý, bu baýram eliňize baglanan ýaly ýa-da maňlaýyňyza daňlan ýaly bir ýatlama alamaty bolsun. Bu bolsa Rebbiň kanunynyň elmydama diliňizde bolmagyny ýatladar, çünki Reb sizi gudratly goly bilen Müsürden alyp çykdy.


Eý, Rebbim, hudaýlaryň arasynda heý-de Seň ýalysy barmydyr? Kim mukaddeslikde Seniň ýaly beýik! Geň gudratlaryňdan gorkup, halk Seni şöhratlar.


Ýa Reb, Seniň sag goluň güýç-gudratda şöhratlydyr. Ýa Reb, Seniň sag goluň duşmany mynjyradýar.


Reb Musa şeýle diýdi: «Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez.


Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Şu wagta çenli Men golumyň güýji bilen seni we seniň halkyňy gyrgyna berip, köküňiz bilen ýerden sogrup taşlap hem bilýärdim.


Reb Müsüri jezalandyrar, ýene-de Özi olara şypa berer. Müsürliler Rebbe dolanarlar, Reb-de olaryň ýalbarmalaryny diňläp, olara şypa berer.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Öz barlygymdan ant içýärin, – Hökmürowan Reb diýýär – Men güýç-gudratym we gahar-gazabym bilen üstüňizden höküm sürerin.


Bize ajaýyp zatlar görkez Müsürden çykaran döwrüňdäki deý.


Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


Reb Müsüre, faraona we onuň tutuş hojalygyna garşy gözümiziň alnynda beýik we gorkunç alamatlardyr mugjyzalar görkezdi.


Şol pygamber olara: «Ysraýyl Hudaýy Reb size: „Müsür gulçulygyndan sizi Men çykardym.


Olar Sukodyň ýaşulularyny we galanyň ilatyny çöl agajynyň tikenleri hem-de böwürslen çybyklary bilen jezalandyrdylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ