Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:19 - Mukaddes Kitap

19 Müsüriň patyşasy gudratly gol bilen mejbur edilýänçä, sizi goýbermejekdigini Men bilýärin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Мүсүриң патышасы гудратлы гол билен меҗбур эдилйәнчә, сизи гойбермеҗекдигини Мен билйәрин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:19
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma Reb faraony ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi.


Musa bilen Harun faraonyň öňünde bu gudratlaryň hemmesini ýerine ýetirdiler. Reb faraony ýene doňýürek etdi, ol ýurdundan ysraýyllary goýbermedi.


Soňra Reb Musa: «Faraon seni diňlemez. Müsürde Meniň gudratlarym köpeler» diýdi.


Faraon doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne nowbahar oglumy yzyna satyn alyp bilýärin“.


Reb Musa şeýle diýdi: «Müsüre, yzyňa baranyňda, Meniň saňa beren güýjüm bilen faraonyň öňünde ähli gudratlary görkezersiň. Emma Men faraony doňýürek adam ederin, şol sebäpli hem ol ysraýyl halkyna gitmäge rugsat etmez.


Emma faraon: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.


Emma Reb Musa: «Meniň faraona näme etjegimi indi görersiň. Men ony gudratly golum bilen halkymy goýbermäge mejbur ederin, ol şu gudratly goluň zarbyndan ýaňa, olary hatda öz ýurdundan kowup çykarar» diýdi.


Faraon oňa: «Men size çöle gidip, Hudaýyňyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat edýärin, ýöne siz gaty uzaga gitmeli dälsiňiz. Meniň üçin Rebbe dileg edäý» diýdi.


Şeýdip, faraon öňküsi ýaly doňýürekligine galdy. Edil Rebbiň Musanyň üsti bilen aýdyşy ýaly, ol ysraýyllary goýbermedi.


Faraon ýagdaýy bilmäge adam ýollady, görse, ysraýyl mallarynyň biri hem ölmändir. Emma faraonyň ýüregi entek hem doňdy, ol halky ýene-de goýbermedi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ