Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:18 - Mukaddes Kitap

18 Olar seniň sözüňe gulak asarlar, soňra ysraýyl ýaşululary bilen Müsüriň patyşasynyň ýanyna bararsyňyz hem-de oňa: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb biziň bilen duşdy. Indi bolsa Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermek üçin, bizi üç günlük çöle goýbermegiňi senden towakga edýäris“ diýiň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Олар сениң сөзүңе гулак асарлар, соңра ысрайыл яшулулары билен Мүсүриң патышасының янына барарсыңыз хем-де оңа: „Еврейлериң Худайы Реб бизиң билен душды. Инди болса Худайымыз Реббе гурбанлык бермек үчин, бизи үч гүнлүк чөле гойбермегиңи сенден товакга эдйәрис“ дийиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:18
40 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.


Gaçyp gutulanlardan biri gelip, bolan wakany Ybram ýewreýe habar berdi. Şol wagtlar Ybram Eşkol bilen Aneriň dogany amor Mamräniň dub tokaýjygynyň gapdalynda ýaşaýardy. Olar Ybramyň arkadaşlarydy.


Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.


Ýakup Ýusuba şeýle diýdi: «Gudratygüýçli Hudaý Kengan topragynda, Luzda maňa görnüp: „Men seni örňedip, köpeldip, senden ençeme halklar dörederin. Kengan topragyny saňa we seniň nesilleriňe ebedi mülk edip bererin“ diýip pata beripdi.


Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Reb Musa: «Ysraýyllardan birnäçe ýaşulyny ýanyňa alyp, halkyň öňünden ýöre. Nil derýasyna uran hasaňy hem eliňe alyp git.


Ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň, edil üçünji aýyň birinji güni Sinaý çölüne geldiler. Olar Repidimden göçüp, Sinaý çölünde düşläp, dagyň eteginde ýerleşdiler.


Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin.


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt.


Onuň bir bölegini külkeläp, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Äht sandygynyň öňündäki Maňa ýüz tutulýan çadyrda goý. Bu siziň üçin iň mukaddes bolar.


Sypany Äht sandygynyň ýanyndan asylgy tutynyň öňünde ýerleşdir. Ony Äht sandygynyň gapagynyň dogrusynda goý, çünki Men ol ýerde seniň bilen duşuşaryn.


Soňra Musa Rebbe: «Eger olar maňa ynanmasalar ýa-da sözüme gulak asman „Reb saňa görnen däldir“ diýseler, men näme edeýin?» diýdi.


Maňa gulluk eder ýaly Meniň oglumy goýber diýdim, emma sen onuň gitmegine garşy bolduň. Seret, indi Men hem seniň ilkinji bolan ogluňy öldürerin“».


Ýolda olar bir kerwensaraýda düşlänlerinde, Reb Musa duşup, ony öldürmäge synanyşýar.


Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.


Şundan soň Musa bilen Harun faraonyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“».


Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe gurbanlyk bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler.


Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb, ine, şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine, sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: „Reb saňa şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Soňra Reb Musa: «Irden tur-da, faraonyň suwa düşmäge çykýan wagty oňa garaş we oňa şeýle diý: „Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber. Olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Men Öz halkymy seniň halkyňdan tapawutlandyraryn. Bu gudratly alamat ertir bolar’“».


Soňra Reb Musa: «Faraonyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diýip aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler’.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Irden tur-da, faraonyň huzuryna bar we oňa şuny aýt: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.


Dogry işleri şatlanyp edýänleri, Seni ýatlaýanlary garşylaýarsyň ýollaryňda. Ýöne günä batdyk biz, Sen gaharlandyň, biz halas edilerismi?


«Git-de, şulary Iýerusalim halkyna jar et. Reb şeýle diýýär diý: „Men seniň ýaşlygyňdaky wepaňy, gelin wagtyňdaky söýgiňi ýatlaýan, çölde – ekin bitmeýän ýerde, Meniň yzyma eýerişiňi ýatlaýan.


Olar: ‘Bizi Müsürden çykaran, çölde, çukurlykda hem çolalykda, gurak hem tüm garaňkylykda, hiç kimiň aýak basmadyk, hiç kimiň ýaşamadyk ýerinde bize ýol görkezen Reb nirede?’ diýip soramadylar.


size gaýta-gaýta ýollan gullarym pygamberleriň sözlerini öňki ýaly ýene-de diňlemeseňiz,


Hasalary getirip, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Maňa ýüz tutulýan çadyrdaky Äht sandygynyň öňünde goý.


Biz edil Musa boýun egşimiz ýaly, saňa hem boýun egeris. Ýöne Hudaýyň Reb elmydama Musa bilen bolşy ýaly, seniň bilen hem bile bolsun.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ