Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:17 - Mukaddes Kitap

17 Men olary Müsür zulumyndan azat edip, süýt we bal akýan mes toprakly ýurda, ýagny kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna eltmegi wada berendigimi olara gürrüň ber.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Мен олары Мүсүр зулумындан азат эдип, сүйт ве бал акян мес топраклы юрда, ягны кенганларың, хетлериң, аморларың, перизлериң, хивилериң ве ябусларың юрдуна элтмеги вада берендигими олара гүррүң бер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:17
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men seniň bilen bile Müsüre giderin we seni soň ýene-de öz topragyňa getirerin. Sen dünýäden öteniňde, Ýusup seniň ýanyňda bolar».


Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.


Soňra Ýusup Ysraýylyň ogullaryna ant içirip, şeýle diýdi: «Hudaý size nazar salanda, siz meniň süňklerimi-de öz ýanyňyz bilen alyp gidiň».


Eý, Onuň islegini berjaý edip, Oňa hyzmat edýän melekleri, Rebbi alkyşlaň!


Reb siziň ata-babalaryňyza söz beren süýt we bal akýan mes toprakly ýurt bolan kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, hiwileriň we ýabuslaryň ýurduna getiren wagty hem siz şu aýda bu baýramy bellärsiňiz.


Indi bar, git-de, halky saňa aýdan ýerime äkit. Meniň perişdäm seniň öňüňden gitjekdir. Emma jeza güni gelende, Men olaryň eden günälerine görä jezasyny bererin» diýdi.


Süýt we bal akýan baý toprakly ýurda gidiň. Emma Men siziň bilen gitjek däl, ýogsam siziň boýnuýogyn halkdygyňyz üçin, Men sizi ýolda ýok edip taşlaryn» diýdi.


Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


Şeýtseňiz, Men ata-babalaryňyza süýt we bal akýan ýurdy bermegi ant içip, beren sözümi ýerine ýetirerin’. Ine, görşüňiz ýaly, ony size berdim“». Onsoň men: «Goý, şeýle bolsun, ýa Reb!» diýip jogap berdim.


Ata-babalaryna wada eden bu süýt we bal akýan ýurdy olara berdiň.


Hawa, şol gün Men olary Müsür ýurdundan çykaryp, olar üçin gözlän ýurduma, ähli ýurtlardan gözel bolan süýt we bal akýan ýurda getirjekdigime söz berdim.


Emma Men size şeýle diýdim: ‘Olaryň ýurduny siz miras alarsyňyz, Men süýt we bal akýan, mes toprakly ýurdy size mülk edip bererin’. Sizi beýleki milletlerden saýlap alan Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler.


Ine, bizi bu ýere getirip, bize süýt we bal akýan ýurdy berdi.


Şonuň üçin hem, eý, ysraýyl halky, gulak goý. Olary yhlas bilen ýerine ýetiriň, şonda gowy günler görersiňiz we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, süýt we bal akýan ýurdunda has köpelip ýaýrarsyňyz.


Soňra siz Iordan derýasyndan geçip, Ýeriho geldiňiz. Ýerihonyň ýaşaýjylary hem edil hetler, amorlar, perizler, kenganlar, girgaşlar, hiwiler we ýabuslar ýaly siziň garşyňyza çykdylar, emma Men olary hem siziň eliňize berdim.


Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdan gezdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi.


Ysraýyllaryň ýeňşi hakyndaky habar Iordanyň günbataryndaky ähli hanlara: het, amor, kengan, periz, hiwi, ýabus hanlaryna baryp ýetdi. Olar daglyklarda, günbatardaky baýyrlyklarda, şeýle hem Ortaýer deňziniň tutuş kenar ýakasyndan tä Liwana çenli aralykda ýaşaýan hanlardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ