Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Sen bar-da, ysraýyl ýaşulularyny bir ýere ýygna we olara ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigini we olaryň Müsürdäki hal-ahwallaryndan Meniň habarymyň bardygyny aýt.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Сен бар-да, ысрайыл яшулуларыны бир ере йыгна ве олара ата-бабаларыңызың Худайы Реббиң, ягны Ыбрайымың, Ысхагың ве Якубың Худайының саңа гөрнендигини ве оларың Мүсүрдәки хал-ахвалларындан Мениң хабарымың бардыгыны айт.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:16
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy.


Reb edil aýdyşy ýaly, Sara beren wadasyny berjaý etdi.


Basgançaklaryň çür başynda duran Reb şeýle diýýär: «Ataň Ybraýymyň we Yshagyň Hudaýy Reb Mendirin. Şu ýatan topragyňy Men saňa we seniň nesliňe bererin.


Ysraýyl Ýusuba pata berip, şeýle diýdi: «Ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň nazarynda gezen Hudaýy, ömürboýy tä şu güne çenli maňa garaşyk edip gelen Hudaý,


Ýusup doganlaryna: «Meniň sanaglym dolup barýar, ýöne Hudaý hökman siziň dadyňyza ýetişer. Hudaý sizi Müsürden çykaryp, Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada eden topragyna elter» diýdi.


Eý, Onuň islegini berjaý edip, Oňa hyzmat edýän melekleri, Rebbi alkyşlaň!


Reb eşidýär dogrular perýat edende, Ol olary ähli muşakgatlaryndan halas eýleýär.


Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:


Indi bolsa Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy.


Musa Ýusubyň süňklerini özi bilen aldy, sebäbi Ýusup ysraýyllara: «Hudaý size nazar salar, şonda siz bu ýerden meniň süňklerimi hem öz ýanyňyz bilen alyp gidiň» diýip, olara ant içiripdi.


Milletler eşidende sandyraşýarlar. Piliştlileriň ýüregi ýarylara gelýär.


Reb Musa: «Ysraýyllardan birnäçe ýaşulyny ýanyňa alyp, halkyň öňünden ýöre. Nil derýasyna uran hasaňy hem eliňe alyp git.


Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi.


Hudaý ysraýyllara nazar salyp, olaryň hal-ahwallarynyň nähilidigine düşündi.


Hudaý ysraýyllaryň baştutanlaryna el degirmedi. Olar hem Hudaýy gördüler we iýip-içdiler.


Oňa çalynyň ortarasynda alawly ot bolup, Rebbiň bir perişdesi göründi. Musa çalynyň ýanýandygyna garamazdan, onuň hiç otda ýanyp gutarmaýandygyny gördi.


Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.


Soňra Musa Rebbe: «Eger olar maňa ynanmasalar ýa-da sözüme gulak asman „Reb saňa görnen däldir“ diýseler, men näme edeýin?» diýdi.


Musa bilen Harun Müsüre baryp, ysraýyl ýaşulularynyň hemmesini bir ýere ýygnadylar.


Adamlar oňa ynandylar. Ysraýyl halkyna Rebbiň nazar salandygyny we olaryň çekýän jebirlerini görendigini eşidenlerinde, olar başlaryny egip sežde etdiler.


Reb oňa: «Ine, muňa ynanarlar, olaryň ata-babalarynyň Hudaýy Rebbiň, ýagny Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýynyň saňa görnendigine ynanarlar» diýdi.


Şol wagt ýolbaşçy ruhanylar bilen halkyň ýaşululary Kaýafa atly baş ruhanynyň howlusyna ýygnanyp,


«Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun! Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.


Olar seni weýran edip, seniň içiňdäki çagalary gyryp taşlarlar. Sende daş üstünde daş goýmazlar, sebäbi sen Hudaýyň saňa gelen pursadyny saýgarmadyň».


Olar şeýle hem etdiler, puly Barnap we Şawul arkaly ýygnak ýolbaşçylaryna iberdiler.


Ine, Simun bize Hudaýyň ilki bilen keseki milletlere nähili nazar salandygyny we olaryň arasyndan Özüne bir halk saýlap alandygyny düşündirip berdi.


Pawlus Militosdan Efese adam iberip, ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrtdy.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Men Mesihiň çeken ejirleriniň şaýady we Onuň aýan boljak şöhratynyň şärigi hökmünde araňyzdaky özüm ýaly ýolbaşçylardan şulary haýyş edýärin:


Nagomy öz gelinleri bilen Mowap ýurdundan gitmäge taýýarlanýardylar, sebäbi ol entek Mowap topragyndaka, Rebbiň Öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşidipdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ