Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:14 - Mukaddes Kitap

14 Hudaý Musa: «Men Mendirin. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Siziň ýanyňyza ‘Mendirin’ iberdi“ diýip aýt» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Худай Муса: «Мен Мендирин. Ысрайылларың янына барып: „Сизиң яныңыза ‘Мендирин’ иберди“ дийип айт» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:14
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bilermiň? Gudratygüýçliniň aňry çägine ýetip bilermiň?


Men öz perýadymdan halys ýadadym, gurap galdy meniň damagym; Hudaýyma garaşa-garaşa gözüm küteldi.


Rebbe diýerin: «Meniň penam hem-de berkitmäm, meniň Hudaýym, özümiň bil baglaýanym».


Onuň aýdanlaryna dykgat bilen gulak goýuň. Oňa garşy baş galdyrmaň. Ol siziň beýle etmişiňizi bagyşlamaz, çünki ol Meniň adym bilen geler.


Soňra Musa Hudaýa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi.


Men Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba Gudratygüýçli Hudaý bolup göründim, emma Özümi olara Reb adym bilen tanatmadym.


Men Rebdirin. Bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin.


Ysraýylyň Patyşasy we Penakäri Reb, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ilkinji we ahyrkydyryn, Menden başga hudaý ýokdur.


Meniň adym bilen iki ýa-da üç adam üýşse, Men hem olaryň arasynda bolaryn».


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Munuň üçin Men size „günäňiziň içinde ölersiňiz“ diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz, günäňiziň içinde ölersiňiz» diýdi.


Soňra Isa olara: «Ynsan Ogluny haçda ýokary göteren mahalyňyz, Meniň Şoldugymy bilersiňiz. Şeýle hem Meniň Özümden hiç zat etmändigime, diňe Atamyň öwreden zatlaryny aýdandygyma düşünersiňiz.


Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, Ybraýym dogulmazyndan öň „Men bardyryn“» diýdi.


Çünki Hudaýyň beren wadalarynyň ählisi Isa Mesih arkaly «hawadyr». Hudaýy şöhratlandyryp aýdýan «omyn» sözümiz-de Isa Mesih arkalydyr.


Isa Mesih düýn hem, bu gün hem, ebedilik Şoldur, Ol üýtgemeýändir.


Men Ony gören badyma öli kimin aýaklaryna ýykyldym. Emma Ol elini egnime goýup, şeýle diýdi: «Gorkma! Ilkinji we Ahyrky Mendirin.


Aziýa welaýatyndaky ýedi ýygnaga men Ýohannadan dogaýy salam! Ozal bolan, häzir hem bar, gelejekde hem boljak Hudaýyň, Onuň tagtynyň öňündäki Hudaýyň ýedi Ruhunyň merhemeti size ýar bolsun!


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Alfa we Omega Mendirin. Men ozal bolan, häzir bar, gelejekde hem boljak Hökmürowan Rebdirin».


Bu dört mahlugyň hersiniň alty ganaty bardy. Olaryň hemme ýeri, hatda ganatlarynyň aşagy-da gözlerden dos-doludy. Olar gije-gündiz yzyny üzmän: «Hökmürowan Reb Hudaý mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir, Ol geçmişde bardy, häzir hem bar, gelejekde hem boljakdyr» – diýip gaýtalaýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ