Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:12 - Mukaddes Kitap

12 Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Худай оңа: «Сениң билен болҗак Мендирин. Сен халкы Мүсүрден чыкарып гетирениңде, Маңа шу дагда сежде эдерсиңиз. Бу болса сени Мениң ёлландыгымың нышаны болар» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:12
43 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şu wakalardan soň Ybrama görnüş arkaly Rebbiň sözi aýan boldy. Reb oňa şu sözleri aýtdy: «Ybram, gorkma! Men seniň galkanyňdyryn, seniň sylagyň juda uly bolar».


Ybram: «Eý, Hökmürowan Reb! Özümiň şu topragyň eýesi boljakdygymy men nädip bilerin?» diýdi.


Onsoň Reb Ýakuba: «Ata-babaňyň mekanyna, öz garyndaşlaryňyň arasyna dolan, Men seniň bilen bile bolaryn» diýdi.


Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.


Öň Elgazaryň ogly Pinehas olaryň ýolbaşçysy bolupdy. Reb onuň bilen boldy.


Musanyň gaýynatasy Ýitro onuň aýaly we iki ogly bilen Musanyň ýanyna çöle, onuň düşlän dagyna, Hudaýyň dagyna geldi.


Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi.


Soňra Musa Hudaýa: «Eger men ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Meni siziň ýanyňyza ata-babalaryňyzyň Hudaýy iberdi“ diýsem, olar hem: „Onuň ady näme?“ diýip sorasalar, men olara näme jogap bereýin?» diýdi.


Reb Musa: «Men seniň bilen giderin we saňa parahatçylyk bererin» diýdi.


Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.


Sen oňa gepläp, sözleri onuň agzyna salyp berersiň. Men siziň ikiňize hem geplemäge kömek ederin we size näme etmelidigiňizi öwrederin.


Hudaýymyz Rebbe berjek gurbanlygymyzy biz Onuň Özüniň buýruşy ýaly, üç günlük çöle gidip bermeli» diýdi.


Işaýa Hizkiýa şeýle diýdi: «Seniň üçin alamat şudur: „Şu ýyl we geljek ýyl siz özi biten zady iýersiňiz, üçünji ýyl bolsa özüňiz ekip, hasylyny orup alyň we üzüm baglaryny oturdyň-da, şolaryň miwelerini iýiň.


Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Munuň üçin Rebbiň Özi size bir alamat berer. Ine, gyz göwreli bolup, ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakar.


Olardan gorkma, seni halas etmek üçin Men seniň bilendirin». Muny Reb aýdýandyr.


Musa şeýle diýdi: «Bu işleriň ählisini etmegim üçin meni Rebbiň iberenini, meniň özbaşdak hereket etmeýändigimi siz şu zatlardan bilersiňiz.


Men Ýakuba hiç hili betbagtlyk ýokdugyny, Ysraýylda bela-beteriň bolmajagyny görýärin. Ysraýyl Hudaýy Reb olar bilendir. Olar Ony öz patyşasy hökmünde alkyşlaýarlar.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.


Olarda Rebbiň gudraty bardy, şonuň üçin köp adamlar imana gelip, Rebbi kabul etdiler.


Emma Men seniň nesliňi gula öwren halkyň jezasyny bererin. Şondan soň olar ol ýerden çykyp, bu ýerde Maňa sežde ederler“ diýdi.


Bulardan başga aýdara zat galdymy? Hudaý bizlik bolsa, kim bize garşy çykyp biler?


Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.


Puluň yşkyna düşmäň. Eliňizdäki baryna kanagat ediň. Sebäbi Hudaý: «Men sizi hiç wagt ýeke taşlamaryn, terk etmerin» diýdi.


Ömrüňiň bütin dowamynda hiç kim seniň garşyňda durup bilmez. Musa bilen bolşum ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Senden hiç wagt bir ädim-de daşlaşmaryn, hiç wagt seni ýeke taşlamaryn.


Rebbiň perişdesi oňa görnüp: «Eý, edermen urşujy, Reb seniň bilendir!» diýdi.


Reb oňa: «Men seniň bilen bolaryn. Sen ähli midýanlary emgenmän gylyçdan geçirersiň» diýdi.


Şonda Gidegon Rebbe: «Eger menden razy bolsaň, onda Sen Özüňiň Rebdigiňi, meniň bilen Rebbiň gepleşýändigini subut edýän bir alamat görkez.


Perişdäniň elinde hasasy bardy. Ol hasanyň ujuny et bilen petire degrende, daşdan ot çykdy. Ot daşyň üstündäki et bilen petiri ýakyp kül etdi. Hut şol wagt Rebbiň perişdesi gözden gaýyp boldy.


Sen olaryň näme gürrüň edýänlerini diňlärsiň, şondan soň düşelgä garşy söweşmäge seniň elleriň kuwwatlanar» diýdi. Gidegon öz hyzmatkäri Fura bilen düşelgedäki ýaragly goşunyň göni üstüne gitdiler.


Ýöne olar: „Bäri geliň“ diýäýseler, onda olaryň ýanyna bararys. Çünki bu olary Rebbiň biziň elimize berendigini görkezýän bir alamat bolar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ