Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:11 - Mukaddes Kitap

11 Musa bolsa Hudaýa: «Faraonyň ýanyna gidip, ysraýyllary Müsürden çykaryp getirer ýaly, men kim bolupdyryn?» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Муса болса Худая: «Фараоның янына гидип, ысрайыллары Мүсүрден чыкарып гетирер ялы, мен ким болупдырын?» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:11
13 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Dawut gelip, Rebbiň huzurynda oturdy-da, şeýle diýdi: «Ýa Hökmürowan Reb, men kim, meni şeýle derejä ýetirer ýaly meniň maşgalam kim?


Indi, eý, Hudaýym Reb, Sen guluň–meni kakam Dawudyň ýerine patyşa etdiň. Men ýolbaşçylyk etmäge ukyby bolmadyk, tejribesiz, ýaş oglandyryn.


Şonuň üçinem halkyňy dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähim-paýhas ber, çünki Seniň san-sajaksyz halkyňy kim dolandyryp biler?»


Ýöne şunuň ýaly meýletin zat hödürlär ýaly men kim, meniň halkym kim? Bize ähli zat Senden gelýär; Saňa Öz beren zadyňdan yzyna berýäris.


Emma Musa Rebbe: «Görýäňmi, entek ysraýyllar meni diňlänok, onsoň faraon maňa nädip gulak assyn, men bir dilsiz-agyzsyz adam ýaly ahyryn» diýdi.


Şonda men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men düzüwli geplemäni-de oňaramok. Men entek ýaş oglan ahyry» diýdim.


Biz heläkçilik ýolundan barýanlar üçin ölüm ysy bolsak, gutulyş ýolundan barýanlar üçin ýaşaýyş müşki-anbarydyrys. Beýle işiň hötdesinden geljek asla ýokdur!


Bu işi öz-özümizden başarýarys diýip aýtmaga hiç esasymyz ýokdur. Bu başarnygy bize Hudaý berýär.


Gidegon: «Ýa Reb! Men nädip Ysraýyly halas edip bilerin? Meniň urugym manaşa tiresiniň iň ejizidir. Men özüm hem maşgalamyzyň iň kiçisi ahyryn» diýdi.


Dawut Şawula: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ