Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Häzir bolsa Men seni Öz halkym bolan ysraýyllary Müsürden alyp gaýtmak üçin faraonyň ýanyna ibereýin» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Хәзир болса Мен сени Өз халкым болан ысрайыллары Мүсүрден алып гайтмак үчин фараоның янына иберейин» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:10
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun: seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.


Emma Men seniň nesliňi gul eden milletiň jezasyny bererin. Şondan soň olar ummasyz mal-mülki bilen ol ýerden çykarlar.


Şoňa görä, olary çölde ýoklaryn diýip, milletler arasyndan zürýatlaryny ýoklaryn diýip, olary ýer ýüzüne dargatjak diýip, elini galdyryp, Reb kasam etdi.


Hawa, Ol gaýany ýaryp, suwlar çogdurdy, akarlary dolup-daşdyrdy, emma Öz halkyna çörek berip bilermi? Ony et bilen üpjün edip bilermi?»


Ysraýyllar Müsürde dört ýüz otuz ýyl ýaşadylar.


Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy.


Musa Rebbe şeýle diýdi: «Ine, Sen maňa bu halky äkit diýdiň, ýöne meniň bilen kimi iberjekdigiňi aýan etmediň. Sen maňa: „Men seniň adyňy gowy tanaýaryn, sen Meniň nazarymda merhemet tapdyň“ diýdiň.


Eger men dogrudan-da, Seniň göwnüňden turan bolsam, maňa Öz ýollaryňy görkez. Şonda men Seni gowy tanap, nazaryňda ýene-de merhemet taparyn. Ýatdan çykarma, bu millet Seniň Öz halkyňdyr».


Rebbiň: «Ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çyk» diýip buýruk beren adamlary ine, şu Harun bilen Musady.


Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy. Pygamber üsti bilen ony gorady.


Men sizi Müsürden çykardym, Gulçulykdan azat etdim, Size baş edip, Musany, Haruny we Merýemi iberdim.


Müsürde halkymyň çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň ahy-nalasyny eşitdim. Men olary azat etmek üçin aşak indim. Indi, gel, Men seni Müsüre ibereýin“ diýdi.


Musa ysraýyl halkyny Müsürden alyp çykdy. Ol Müsürde, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap mugjyzalar, gudratlar hem alamatlar görkezdi.


Hudaý oňa: „Seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar, şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.


Emma Men seniň nesliňi gula öwren halkyň jezasyny bererin. Şondan soň olar ol ýerden çykyp, bu ýerde Maňa sežde ederler“ diýdi.


Reb Gidegona bakyp: «Bar, şu güýjüň bilen git-de, ysraýyllary midýanlaryň elinden halas et. Seni Men iberýärin!» diýdi.


Şamuwel sözüni dowam etdi: «Musany we Haruny bellän, ata-babalaryňyzy Müsürden alyp çykan Rebdir.


Ýakup Müsüre gidende, müsürliler olary ezdiler, şonda siziň ata-babalaryňyz Rebbe perýat etdiler. Onsoň Reb Musa bilen Haruny iberip, olary Müsürden alyp çykdy we şu ýerde ornaşdyrdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ