Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Şol wagtlar Musa gaýynatasy Midýan ruhanysy Ýitronyň sürüsini bakýardy. Bir gün ol sürüsini çölüň içi bilen sürüp, Hudaý dagy Horebe geldi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Шол вагтлар Муса гайынатасы Мидян руханысы Йитроның сүрүсини бакярды. Бир гүн ол сүрүсини чөлүң ичи билен сүрүп, Худай дагы Хоребе гелди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 3:1
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, Ylýas ol ýerden gidip, Şapatyň ogly Elýaşany tapdy. Ol ýer sürüp ýördi. Onuň öňünde on iki jübüt öküz bardy. Elýaşa on ikinji jübütiň ýanyndady. Onuň ýanyndan geçende, Ylýas öz donuny onuň egnine atdy.


Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horebe geldi.


Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.


Men Horepdäki gaýada seniň öňüňde duraryn. Gaýany ur, ondan suw çykar. Şeýdip, adamlar suw içip bilerler» diýdi. Musa ysraýyl ýaşulularynyň arasynda şeýle etdi.


Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi.


Birigün taýýar bolsunlar. Sebäbi birigün Men ähli adamlaryň gözüniň alnynda aşak Sinaý dagyna injek.


Musa Hudaý bilen duşuşmak üçin daga çykdy. Dagyň depesinden Reb ony çagyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara, ýagny Ýakubyň nesline şuny aýt:


Midýan ruhanysynyň ýedi gyzy bardy. Şol wagt olar guýa gelip, öz kakalarynyň sürüsini suwa ýakmak üçin nowalary suwdan doldurdylar.


Gyzlar öýlerine kakalary Reguwalyň ýanyna gelenlerinde, olaryň kakasy: «Nädip siz bu gün öňkiňizden ir gelip bildiňiz?» diýip sorady.


Şeýlelikde, Musa bu adamyňkyda ýaşamaga razylaşdy we ol öz gyzy Syporany Musa durmuşa çykardy.


Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady.


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Soňra Hudaý: «Mundan ýakyn gelme, aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr!


Şol sebäpli ysraýyllar şaý-sep dakynmalaryny goýdular. Olar Horep dagyndan çykyp gaýtdylar.


Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi.


Reb Haruna: «Çöle git-de, Musanyň öňünden çyk» diýdi. Şeýlelikde, Harun gidip, ony Hudaý dagynda garşy alyp, ony gujaklady.


Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.


Gulum Musanyň kanunyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň.


Musa gaýynatasy midýanly Reguwalyň ogly Hobaba: «Biz Rebbiň „size berjek“ diýen ýerine tarap ýola düşýäris. Ýör, biziň bilen git, biz saňa ýagşylyk ederis. Çünki Reb Ysraýyla ýagşylyk etjekdigini wada berdi» diýdi.


Onsoň ysraýyllar Rebbiň dagyndan gaýdyp, üç gün ýörediler. Olaryň düşlejek ýerini tapmak üçin, Rebbiň Äht sandygy hem ýoluň bütin dowamynda olaryň öňünden barýardy.


Şol gije Beýtullahamyň golaýynda käbir çopanlar sürülerini goraýardylar.


Aradan kyrk ýyl geçenden soň, Sinaý dagynyň golaýyndaky çölde ýanyp duran çalynyň ortarasynda oňa bir perişde göründi.


Horep dagyndan Kadeşbarneýa çenli aralyk Segir daglygynyň üsti bilen gideniňde, on bir günlük ýoldy.


«Hudaýymyz Reb Horep dagynda şeýle diýdi: „Siz bu dagda uzak wagt bolduňyz.


Siz Horepde Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda duranyňyzda, Reb maňa şeýle diýdi: „Halkyňy Meniň huzuryma üýşür. Men olara Öz sözlerimi eşitdirjek, şonda olar bütin ömrüne Menden gorkmagy öwrenerler we çagalaryna hem öwrederler“.


Keýn tiresinden bolan Heber Kedeşiň golaýynda ýerleşen Saganannymda, dub agajynyň ýanynda çadyr gurupdy. Heber şol wagtlar beýleki keýnlerden aýry ýaşaýardy. Keýn tiresi Musanyň gaýynatasy Hobabyň nesillerindendi.


Soňra ol Ýyşaýdan: «Ogullaryň hemmesi şularmy?» diýip sorady. Ýyşaý: «Ýene körpesi-de bar, ol goýun bakyp ýör» diýip jogap berdi. Şamuwel Ýyşaýa: «Ony getirt, çünki ol bu ýere özi gelýänçä, biz dyz epmeris» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ