Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 28:9 - Mukaddes Kitap

9 Iki sany hakyk daşyny al we olaryň ýüzüne Ysraýylyň on iki oglunyň adyny oýup ýaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Ики саны хакык дашыны ал ве оларың йүзүне Ысрайылың он ики оглуның адыны оюп яз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 28:9
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men güýjümiň ýetdiginden Hudaýymyň öýi üçin altyndan ýasalmaly zatlar üçin – altyn, kümüşden ýasalmaly zatlar üçin – kümüş, bürünçden ýasalmaly zatlar üçin – bürünç, demirden ýasalmaly zatlar üçin – demir, agaçdan ýasalmaly zatlar üçin – agaç, köp möçberde hakyk hem-de oturtma daşlar, bezeg daşlary, dürli reňkli daşlar, gymmatbaha daşlaryň ähli görnüşini we köp möçberde mermer taýýarladym.


Ýahudada we Iýerusalimde öz ýanymdaky kakam Dawudyň taýýarlan ökde ussalary bilen işlär ýaly maňa altyn, kümüş, bürünç, demir işlerine, goýy badam, gyrmyzy we gök ýüplük boýaglaryna, şeýle hem oýma işlerine ussat hünärment ibermegiňi towakga edýärin.


Opyr altyny, gymmatbaha hakyk, gök ýakut onuň bahasyna ýetmez.


efoda we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.


Olaryň dogluş tertibi boýunça altysynyň adyny bir daşa, beýleki altysynyň adyny başga bir daşa oýup ýaz.


dördünji hatarda altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlar bolsun. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylsyn.


Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Möhür dek, onuň ýüzüne „Rebbe bagyş edilen“ diýen sözleri oýup ýaz.


Efodyň ýüzündäki nagyşly kemer hem edil efodyň tikilişi ýaly tikilsin, ol altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikilsin.


Daşlary oýup gaşlary goýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ussatlyk berdim.


dördünji hatara altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlary dakdy. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylandy.


Hakyk daşlar taýýarlanyp, oňa nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny oýup ýazyp, olary hem altyn gaş öýjüklere oturtdylar.


Ýüregiňde, goluňda sakla meni möhür deý; çünki yşk ölüm deý güýçli, gabanjaňlyk gabyr deý ýowuz. Yşkyň ýalny otly ýalyndyr, lowlaýan ýalyndyr ol.


Ine, Men adyňy ellerimiň aýasyna ýazdym, diwarlaryň göz öňümdedir elmydam.


Sen Eremde – Hudaýyň bagyndadyň; lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk, ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň; gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk işleriň hem altyndandy, bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.


Şol gün olaryň Hudaýy Reb halas eder, çünki olar çopan sürüsi kimindir. Olar täjiň gymmatbaha gaşlary ýaly Hudaýyň ýurdunda şöhle saçarlar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ