Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 28:4 - Mukaddes Kitap

4 Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Оларың тикҗек гейимлери шулардан ыбарат: гурсакча, эфот, дон, нагышлы узын көйнек, селле ве гушак. Агаң Харуның ве онуң огулларының Маңа руханы болуп хызмат этмеклери үчин, бу руханы гейимлери тикениңизде,

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 28:4
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawut nepis zygyr matadan tikilen efot geýip, Rebbiň huzurynda bar güýji bilen joşup tans edýärdi.


efoda we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.


Onuň başyna selläni geýdir. Sellesine mukaddes ýazgyny berkit.


Şeýle hem, nepis zygyr matadan selle, başdaňy we ýüplükden içki geýimler tikdiler.


Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline.


Ol dogrulygy sowut kimin geýindi, gutulyş tuwulgasyny başyna geýdi; öç alyş lybasyna bürendi, gazap donuny geýdi.


Çünki ysraýyllar uzak wagtlap patyşasyz, hökümdarsyz, gurbanlyksyz, dikme daşsyz, efotsyz, butsuz ýaşarlar. Şondan soň ysraýyllar dolanyp, öz Hudaýy Rebbi hem patyşasy Dawudy gözlärler. Ahyrky günlerde bolsa olar Rebden gorkup, Hudaýyň ýalkawyna dolanarlar.


Şeýlelikde, hakykaty biliňize guşak edip dakynyň, dogrulygy egniňize sowut edip geýiň.


Biz bolsa gündize degişlidiris. Hudaý bizi gazaba duçar bolmaga däl, eýsem Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas bolmaga belledi. Şoňa görä-de, egnimize iman bilen söýgini sowut hökmünde, başymyza halas bolmak umydyny tuwulga hökmünde geýip, hüşgär bolalyň.


Görnüşimde gören atlarymyň we olaryň üstündäkileriň görnüşi şeýledi: atlylaryň sowutlary ot ýaly gyzyl, goýy gök we kükürt ýaly sarydy; atlaryň kellesi arslanyňka meňzeýärdi, agyzlaryndan ot, tüsse we kükürt çykýardy.


Şamuwel Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýip gezýärdi.


Soňra patyşa ruhanylary öldürmegi Döwege buýurdy. Edomdan bolan Döweg ruhanylary gyrdy. Şol gün ol nepis zygyr matadan tikilen efot geýnen segsen bäş ruhanyny öldürdi.


Ahymelegiň ogly Abýatar gaçyp, Dawudyň ýanyna gelende, onuň elinde efot bardy.


Ol Ahymelegiň ogly ruhany Abýatara: «Efody getir» diýdi. Abýatar efody Dawudyň ýanyna getirdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ