Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 28:3 - Mukaddes Kitap

3 Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Мениң укып берен өкде уссаларымың хеммесине айт: Мениң руханым болмага Харуның багыш эдилмеги үчин, онуң руханы гейимлерини тиксинлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 28:3
16 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hiram Naftaly tiresinden bolan bir dul hatynyň ogludy, kakasy hem surly bürünç ussasydy. Ol bürünçden zat ýasamakda gaty ussat, ökde we tejribeli ussady. Ol Süleýman patyşanyň çagyryşyny kabul etdi. Hiram Süleýmanyň bürünçden ýasalmaly zatlarynyň ählisini ýasady.


Araňyzdaky hemme ukyply senetçiler gelip, Rebbiň buýran ähli şu zatlaryny ýasasynlar: mukaddes çadyr,


Ähli ukyply çeper elli aýallar gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan öz elleri bilen ören zatlaryny getirdiler.


Soňra Musa ysraýyllara şeýle diýdi: «Ine, Reb ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýlady.


Ol ony Öz Ruhy bilen dolduryp, oňa dürli senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi.


Reb olara dürli senetçilik işlerinde ukyp berdi: ussaçylyk ýa-da nakgaşçylyk, ýa-da gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen we nepis zygyr sapak bilen keşde çekmeklik, ýa-da dokmaçylyk berildi. Olaryň hemmesi ökde ussalar we nakgaşlardyr».


Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler


Soňra Musa Besaleli, Oholyýaby we başga-da Rebbiň ukyp beren ähli ökde ussalaryny ýygnady. Reb bu işi ýerine ýetirmegi olaryň ýüreklerine saldy.


Çünki danalyk berýän Rebdir, bilim hem düşünje Onuň agzyndan çykýandyr.


Rebbiň Ruhy: danalyk hem paýhas, maslahat hem güýç-gudrat, Rebbi bilmek hem Ondan gorkmak ruhy Onuň üstünde bolar.


Men Hudaý – Rebbimiz Isa Mesihiň beýik Atasyna siziň üçin dileg edýärin. Goý, Ol size Ony has oňat tanap bilmegiňiz üçin, size Mukaddes Ruhuň akyldarlygyny hem ylhamyny bersin.


Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ