Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 27:9 - Mukaddes Kitap

9 Mukaddes çadyryň haýadyny gur. Haýadyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler as.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Мукаддес чадырың хаядыны гур. Хаядың гүнорта тарапында йүз тирсек узынлыкда непис зыгыр матадан перделер ас.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 27:9
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr pürsünden içki howly gurdy.


Şol günüň özünde Süleýman patyşa Rebbiň öýüniň öňündäki howlynyň ortasyny mukaddes etdi. Patyşa şol ýerde ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we salamatlyk gurbanlyklarynyň ýaglaryny berdi, çünki Rebbiň huzuryndaky bürünç gurbanlyk sypasy ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny, salamatlyk gurbanlygynyň ýag böleklerini tutardan gaty kiçidi.


Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.


Ol ruhanylaryň howlusyny, uly howlyny we howlynyň gapylaryny ýasap, olary bürünje gaplady.


Ýürek azgynlygyndan daşda bolaryn, ýamanlyga şärik bolmaryn.


Onuň şöhratynyň ýurdumyzda mesgen tutary ýaly, Ol Özünden gorkýanlary dogrudan-da, hemişe halas etmäge taýýar!


Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we olary saklajak ýigrimi sany dabany bürünçden ýasa; sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden bolsun.


haýadyň perdeleri, onuň sütünleri, dabanlary, haýadyň derwezesi üçin ýapynja;


Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar, ikinji toplumyňka hem şeýle etdiler.


haýadyň perdeleri, sütünleri we dabanlary, onuň derwezesi üçin ýapynja, onuň halkalary we gazyklary. Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyryň hyzmaty üçin ähli esbaplar.


Mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daş-töweregine haýat gurdy we haýadyň derwezesine ýapynja tutdy. Şeýdip, Musa ähli işi tamamlady.


Tutuş daş-töwerege haýat gur we haýadyň derwezesine ýapynja tut.


Derwezäniň girelgesindäki däliziň töwerekleýin ölçegi altmyş tirsek çykdy.


Onsoň ol meni daşky howla getirdi; ol ýerde otaglar we töwerekleýin çekilen daş ýol bardy. Daş ýoluň ugrunda otuz otag bardy.


Daşky howlynyň demirgazygyndaky derwezäniň-de uzynlygyny we inini ölçedi.


Içki howlynyň derwezeleri demirgazyk we gündogar tarapdaky derwezeler bakyşyp durdular; derwezeden derwezä çenli aralygy ölçedi: ol ýüz tirsek çykdy.


Soňra ol meni günortadaky derwezeden içki howla getirdi we günortadaky derwezäni ölçedi; munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.


Onsoň ol meni içki howla, onuň gündogar tarapyna getirdi; derwezäni ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi.


Içki derwezäniň daşynda, içki howluda iki otag bardy; bularyň biri demirgazyk derwezesiniň gapdalyndady we ýüzi günorta tarap bakýardy, beýlekisi günorta derwezesiniň gapdalynda bolup, ýüzi demirgazyk tarapa bakýardy.


Içki howlynyň ini ýigrimi tirseklik boş aralygynyň we daşky howlynyň daş ýolunyň arasynda üç gatly biri-birinden beýgelýän eýwanlar bardy.


haýadyň perdelerine, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyna, onuň zynjyrlaryna we bulara degişli ähli hyzmatlara jogapkärdirler.


haýadyň perdelerini, mukaddes çadyryň we gurbanlyk sypasynyň daşyndaky haýadyň derwezesiniň ýapynjasyny we onuň zynjyrlaryny, olara degişli ähli esbaplary götersinler. Bu zatlar bilen baglanyşykly işleriň hemmesini etsinler.


haýadyň sütünleri we dabanlary, gazyklary, zynjyrlary, olara degişli ähli enjamlar. Olaryň götermeli zatlaryny atma-at sanap tabşyryň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ