Hiram şeýle hem gazanlar, kül atarlar, legenler ýasady. Bulardan başga-da, ol iki sütüni, sütünleriň depesindäki jam şekilli iki täji, şol täçleri bezäp duran iki sany örme zynjyry, şol zynjyrlara iki hatar edip dakmak üçin dört ýüz sany nary, on arabany, arabalaryň üstündäki on legeni, bir sany howzy hem-de howzuň astyndaky on iki öküzi ýasady. Şeýdip, Hiram Rebbiň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işleriniň baryny tamamlady.