Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 26:7 - Mukaddes Kitap

7 Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasasynlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Шейле хем, гечиниң йүңүнден эдилен он бир пердеден ыбарат мукаддес чадырың дашкы өртүгини ясасынлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 26:7
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi;


Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler.


Perdeleriň galan bölegi, ýagny galan ýarysy çadyryň arka tarapyndan asylyp dursun.


Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaň, onuň daşky örtügi üçin saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasaň.


Altyndan elli sany ildirgiç ýasat we perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdir. Şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar.


Daşky örtügiň perdesiniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolsun. On bir perdäniň-de ölçegi deň bolsun.


Perdeleriň bäşisini biri-birine çatsynlar, galan altysyny hem şeýle etsinler. Altynjy perdäni çadyryň öň tarapynda iki gatlaň.


Her kim özünde bar bolan gök, badam, gyrmyzy ýüplügini, nepis zygyr matasyny, geçi ýüňüni, goçuň eýlenen derisini we saýlama deri getirdi.


Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler.


gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi;


Soňra Reb Sion dagynyň her ýanyny, ol ýerde toplananlaryň üstüni gündizine bulut we tüsse bilen, gijesine parlak ot ýalny bilen örter. Bütin şöhratyň üsti örtgüli bolar.


Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja,


Bar eşikleri, deriden, geçi ýüňünden edilen her bir zady we agaçdan ýasalan gap-gaçlaryň ählisini tämizläň».


olar mukaddes çadyryň tutularyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry we onuň ýapynjasyny, onuň saýlama deriden edilen daşky ýapynjasyny we girelgesindäki perdäni,


Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr.


Eý, ýaşlar, siz hem ýaşululara tabyn boluň. Hemmäňiz biri-biriňiz bilen pespäl boluň, sebäbi «Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ