Çyradanyň gurluşy şeýledi: aýagyndan tä çyra oturdylýan güllerine çenli döwme sap altyndan ýasalandy. Harun çyradany Rebbiň Musa görkezen nusgasy boýunça ýasady.
Olar ýerdäki Mukaddes çadyrda hyzmat edýärler. Bu çadyr bary-ýogy gökdäki hakyky Çadyryň görnüşi we kölegesidir. Şonuň üçin hem Hudaý Mukaddes çadyry nähili ýasamalydygy barada Musa şeýle görkezme beripdi: «Ähli zady dagda özüňe görkezilen nusganyň esasynda ýasarsyň».
Şeýlelikde, gökdäki zatlaryň ýerdäki nusgalarynyň bu gurbanlyklar bilen päklenmegi gerekdi. Emma gökdäki zatlaryň özleri bulardan has oňat gurbanlyklary talap edýärdi.