Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 26:1 - Mukaddes Kitap

1 Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Булардан башга-да, сен он пердеден ыбарат мукаддес чадыр ясат. Перделер зыгыр матадан, гөк, бадам, гырмызы йүплүкден эдилен болсун. Уссат кешдечилер оларың йүзүне оваданлап керубың шекилини нагышлап чексинлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 26:1
29 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şol günlerde patyşa Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Hudaýyň sandygy bolsa bir çadyrda dur» diýdi.


Tutuş öýüň diwarlary, içki we daşky otaglaryň diwarlarynyň ýüzi oýulyp, keruplar, palma agaçlary we açylan güller bilen haşamlanandy.


Dawut öz köşgünde ornaşandan soň, Natan pygambere: «Seret, men-ä kedr agajyndan gurlan köşkde ýaşaýaryn, Rebbiň Äht sandygy bolsa çadyrda dur» diýdi.


Çünki Rebbiň Musa tarapyndan çölde gurlan çadyry hem-de ýakma gurbanlyk sypasy şol wagt Gibgondaky seždegähdedi.


Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup ýasat.


gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi;


Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar.


Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeş bolsun.


Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasat. Onuň ýüzüne owadanlap kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler.


Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn.


Maňa ýüz tutulýan çadyr, Äht sandygy we onuň üstüniň gapagy, çadyryň ähli esbaplary,


onuň daşky örtügi we ýapynjasy, ildirgiçleri, çarçuwalary, syryklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary;


Reb olara dürli senetçilik işlerinde ukyp berdi: ussaçylyk ýa-da nakgaşçylyk, ýa-da gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen we nepis zygyr sapak bilen keşde çekmeklik, ýa-da dokmaçylyk berildi. Olaryň hemmesi ökde ussalar we nakgaşlardyr».


gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi;


Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasadylar. Onuň ýüzüne owadan edip, kerubyň şekilini nagyşlap çekdiler.


Altyn böleklerini owradyp, sapak ýaly inçe kesip, ony gök, badam, gyrmyzy ýüplügiň we nepis zygyr sapagyň arasyna ussatlyk bilen goşdular.


«Birinji aýyň birinji güni Rebbe ýüz tutulýan mukaddes çadyry gur.


Gerşon ogullary Rebbe ýüz tutulýan çadyra degişli gorag hyzmatlaryndan şulara: mukaddes çadyryň içki we daşky örtüklerine, çadyryň girelgesi üçin ýapynja,


olar mukaddes çadyryň tutularyny, Rebbe ýüz tutulýan çadyry we onuň ýapynjasyny, onuň saýlama deriden edilen daşky ýapynjasyny we girelgesindäki perdäni,


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Emma Isa ybadathana diýip, Öz bedenine aýdýardy.


Ol Mukaddes çadyrda, ynsanyň däl-de, hut Rebbiň guran hakyky çadyrynda hyzmat edýär.


Iki otagdan ybarat bolan bir çadyr gurlupdy, onuň daşky otagyna Mukaddes otag diýilýärdi. Ol ýerde çyradan, hantagta bardy we hantagtanyň üstünde hödür çörekler goýlandy.


Mukaddes çadyr we onuň parzlary häzirki zaman üçin bir nyşandyr. Bu hödürlenýän sadakalar we gurbanlyklar sežde edýän adamyň wyždanyny päkläp bilmeýändigini görkezýär.


Oňa beslenmäge nepis, parlak, päk zygyrdan lybas berildi». Bu lybas Hudaýyň halkynyň dogry işleridir.


Men tagtdan batly bir sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň mesgeni indi ynsanlaryň arasyndadyr! Ol indi ynsanlaryň arasynda mesgen tutar. Olar Onuň halky bolarlar, Ol hem olar bilen bolup, olaryň Hudaýy bolar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ