Onsoň Mikaýa şeýle diýdi: «Şonuň üçin hem sen Rebbiň sözüne gulak goý. Men Rebbiň Öz tagtynda oturanyny, gögüň ähli goşunlarynyň Onuň sagynda we solunda ýakyn duranyny gördüm.
Reb oňa: «Aşak düş-de, Haruny özüň bilen alyp gel, ýöne ruhanylar we adamlar Meniň ýanyma çykjak bolup, serhedi bozmasynlar, ýogsam, Men ol adamlary heläk ederin» diýdi.
Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.
Hökümdar bolsa hökümdardygy üçin, Rebbiň huzurynda nahar iýmek üçin ol ýerde oturar. Ol muňa derwezäniň eýwanynyň ýolundan girer we şol ýoldan-da yzyna çykar».
Bir gün Harunyň ogullary Nadap bilen Abyhu kül atarlaryny alyp, oňa köz saldylar we onuň üstüne ýakymly ysly tütetgini goýup, ony Rebbiň huzuryna eltdiler. Emma bu ot mukaddes däldi, çünki Reb ony olara hödürläň diýip tabşyryk bermändi.
Reb Musa şeýle diýdi: «Halkyň arasynda olaryň baştutanlary we serkerdeleri hökmünde tanalýan ýetmiş ýaşulyny Meniň ýanyma ýygna. Olary Maňa ýüz tutulýan çadyra getir, goý, olar seniň ýanyňda dursunlar.