Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 24:8 - Mukaddes Kitap

8 Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Муса ганы алып, халкың үстүне сепеледи ве олара: «Ине, әхли шу сөзлериң эсасында, бу Реббиң сизиң билен эден әхт ганыдыр» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 24:8
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sandygy men şol öýde goýdum. Atalarymyzy Müsür topragyndan çykaranda, Rebbiň olar bilen eden ähti şonuň içindedir».


Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.


Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna serpdi.


Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr.


Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin.


Musa mesh ýagyndan we gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, Harunyň üstüne we eşiklerine, onuň ogullarynyň üstüne we eşiklerine sepeledi. Şeýdip, Haruny we onuň eşiklerini, onuň ogullaryny we olaryň eşiklerini bagyş etdi.


Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»


Sizi bolsa gurbanlyk gany bilen baglaşan ähtim üçin, tussagdakylaryňyzy gurruk guýudan çykararyn.


Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir.


Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht ganymdyr.


Şeýle hem nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir.


Şunuň ýaly, nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu şerap Meniň ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. Ondan her gezek içeniňizde, muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.


Hudaý çuňňur baý merhemeti bilen Oglunyň döken gany arkaly günälerimizi bagyşlap, bizi azat etdi.


Hudaýymyz Reb Horepde biziň bilen äht baglaşdy.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


Islegini amala aşyrmagymyz üçin, goý, parahatlyk berýän Hudaý bizi ähli gerekli zatlar bilen üpjün etsin. Ol Rebbimiz Isany ebedilik äht baglaşýan gany arkaly ölümden direltdi we Ony Öz halkynyň beýik Çopany edip belledi. Goý, Hudaý Özüni hoşnut edýän işleri etmegimiz üçin, Isa Mesih arkaly bizi kämilleşdirsin. Isa Mesihe baky şan-şöhrat bolsun! Omyn.


Şeýlelikde, Ýeşuwa şol gün adamlar bilen äht baglaşdy we Şekemde olar üçin parzlar we düzgünler çykardy.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ