Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 24:6 - Mukaddes Kitap

6 Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna serpdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Муса гурбанлык ганының ярысыны алып, легенлере гуйды, ярысыны болса гурбанлык сыпасына серпди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 24:6
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar Rebbiň parzlaryny, atalary bilen eden ähtini, Onuň beren duýduryşlaryny ret etdiler. Olar dereksiz hudaýlaryň yzyna eýerip, özleri hem dereksiz adamlar boldular. Olar Rebbiň: «Töweregiňizdäki milletler ýaly ýaşamaň» diýip tabşyran milletleriniň yzlaryna eýerdiler.


Bir bogdak käkilik otuny alyp, ony jamdaky janlynyň ganyna batyryp, gapynyň üstki söýesine we ikiýan söýesine çalyň. Daňdana çenli hiç kim öz öýüniň gapysyndan daşary çykmaly däldir.


Soňra olar janlynyň ganyndan alyp, onuň eti iýiljek öýleriň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalsynlar.


Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.


Goçy soýup, ganyny al we ony gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp.


Goçy soýup, ganyny al. Ony Harunyň we onuň ogullarynyň sag gulaklarynyň ýumşak ýerine çal. Şeýle hem, olaryň sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna çal. Galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Men olaryň Hojaýyny bolsam-da, olar şol ähtimi bozdular». Muny Reb aýdýandyr.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň damagyny gurbanlyk sypasynyň demirgazyk tarapynda, Rebbiň huzurynda çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Soňra öküzçäniň eýesi Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar bolsa, onuň ganyny Rebbe hödür edip, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.


Baş ruhany gana barmagyny batyryp, Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň tutusynyň öňüne gany ýedi gezek sepelesin.


Şunuň ýaly, nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu şerap Meniň ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. Ondan her gezek içeniňizde, muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.


Mesihiň haçda döken gany arkaly parahatçylygy berkarar edip, Hudaý ýerdäki we gökdäki ähli zady Özi bilen ýaraşdyrmagy makul bildi.


Siz täze ähtiň Binýatçysy Isanyň huzuryna geldiňiz. Habylyň öç almaga gygyrýan ganyna däl-de, eýsem günälerimizi ýuwmak üçin sepilen Isanyň ganyna ýakynlaşdyňyz.


Bu äht Meniň olaryň ata-babalarynyň ellerinden tutup, Müsürden çykaran günüm baglaşan ähtim ýaly däldir. Olar Meniň şol ähtime sadyk bolmadylar, şonuň üçin Men olardan ýüz öwürdim. Muny Reb aýdýandyr.


Şoňa görä öňki äht hem gan dökülýänçä güýje girmedi.


Musa Kanunyň ähli buýrugyny tutuş halka yglan etdi. Soňra gyrmyzy ýüň hem bir bogdak käkilik oty bilen göleleriň ganyny we suwy Kanun ýazgylarynyň, ähli halkyň üstüne sepip:


Şonuň ýaly hem, Musa çadyryň we sežde etmekde ulanylýan ähli zatlaryň hem üstüne gan seperdi.


Tersine, Hudaýyň şikessiz hem tegmiltsiz gurbanlyk Guzusy bolan Mesihiň gymmatly gany arkaly halas edilensiňiz.


Siz Atamyz Hudaýyň öňden eden kararyna görä saýlandyňyz we Mukaddes Ruh arkaly mukaddes halk bolduňyz. Hudaý muny siziň Isa Mesihe tabyn bolup, Onuň gany bilen päklenmegiňiz üçin etdi. Goý, Hudaý size boldan-bol merhemet we parahatlyk eçilsin!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ