Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 24:3 - Mukaddes Kitap

3 Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Муса гелип, Реббиң әхли сөзлерини ве әхли хөкүмлерини халка мәлим этди. Тутуш халк бирагыздан оңа: «Биз Реббиң айдан әхли сөзлерини ерине етирерис» дийип җогап берди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 24:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar batly ses bilen gygyryşyp, şahdan edilen surnaýlar we kernaýlar çalyp, Rebden ant içdiler.


Bütin ýahuda halky bu kasam üçin begendiler. Olar çyn ýürekden ant içip, Rebbi uly yhlas bilen agtardylar. Reb hem olara Özüni görkezdi. Reb olara her tarapdan asudalyk berdi.


Çünki günälerimi boýun alýaryn, günäm elmydama meniň öňümde.


Ähli adamlar birlikde: «Biz Rebbiň aýdanlarynyň barysyny ýerine ýetireris» diýip jogap berdiler. Musa hem halkyň jogabyny Rebbe ýetirdi.


Musa, seniň ýeke özüň Meniň golaýyma gel, beýlekiler ýakynlaşmasynlar, halk hatda daga-da aýak basmasyn» diýdi.


Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler.


Men ata-babalaryňyzy Müsürden – demir ojagyndan çykaran günüm olara şeýle buýruk berdim: ‘Meniň sözüme gulak asyp, Meniň buýran ähli tabşyryklarymy ýerine ýetiriň. Şonda siz Meniň halkym, Men hem siziň Hudaýyňyz bolaryn.


Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýdi: «Men ata-babalaryňyzy Müsür ýurdundan, ýagny gul bolup ýaşan ýurdundan çykaran günüm olar bilen äht baglaşyp, şeýle diýipdim:


Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»


Biziň hemmämiziň atamyz bir dälmi? Bizi bir Hudaý ýaratmadymy? Onda näme üçin biz biri-birimize dönüklik edip, ata-babalarymyzyň ähtini bozýarys?


Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Onuň buýruklaryny, parzlarydyr hökümlerini we tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetiriň.


«Eý, ysraýyl halky, indi meniň size öwredýän parzlaryma we düzgünlerime gulak goýuň. Şonda siz ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize berýän ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.


Ine, Müsürden çykanlaryndan soň Musanyň ysraýyllara aýdan düzgünleri, parzlary we hökümleri.


Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim.


Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz.


Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“».


«Hudaýyňyz Rebbiň size öwret diýip maňa tabşyran ähli tabşyryklary, parzlarydyr hökümleri – ine, şulardyr. Siz bulary Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda ýerine ýetirmelisiňiz.


Adamlar Ýeşuwa: «Ýok! Biz Rebbe gulluk ederis!» diýdiler.


Soňra Ýeşuwa ýene-de olara: «Rebbe gulluk etmegi saýlap alandygyňyza siziň özüňiz hakyky şaýatsyňyz» diýdi. Olar hem: «Hawa, biz şaýatdyrys!» diýip jogap berdiler.


Halk oňa: «Hawa, biz Hudaýymyz Rebbe gulluk ederis we Onuň sözüne boýun egeris!» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ