Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 24:18 - Mukaddes Kitap

18 Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Муса булудың ичине гирип, дага чыкды. Муса дагда кырк гиҗе-гүндиз болды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 24:18
18 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ylýasa: «Daşary çyk-da, dagda Meniň huzurymda dur, çünki Men-Reb şol ýerden geçerin» diýdi. Rebbiň öňünde daglary, daşlary ýarýan şeýle bir güýçli ýel turdy, ýöne Reb ýeliň içinde geplemedi. Ýelden soň ýertitreme boldy, ýöne Reb ýertitremede hem geplemedi.


Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horebe geldi.


Reb Sinaý dagynyň depesine inende, Ol Musany dagyň depesine çagyrdy. Musa ýokary çykdy.


Indi Rebbiň şöhratynyň görnüşi ysraýyllaryň gözüne dagyň depesinde lowlap ýanýan ot ýaly bolup göründi.


Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler.


Musa ol ýerde Reb bilen kyrk gije-gündizläp boldy. Ol ne çörek iýdi, ne-de suw içdi. Ol Äht sözleri bolan bu on tabşyrygy ýasy daşlaryň ýüzüne ýazdy.


Musa oňa: «Men galadan çykyp, ellerimi Rebbe uzatdygym, gök gürrüldisi kesiler we dolynyň ýagmasy galar. Şonda sen bu dünýäniň Rebbiňkidigini bilersiň.


Şeýlelikde, Musa faraonyň ýanyndan gidip, galadan çykdy we asmana ellerini uzadyp, Rebbe dileg etdi. Şobada gök gürrüldisi we doly ýagmasy galdy. Ýere ýagyş guýmasy kesildi.


Erbet adam hiç kim kowalamasa-da gaçýandyr, dogruçyl bolsa arslan kimin batyrdyr.


Isa kyrk gije-gündiz agyz bekländen soňra ajykdy.


Isa çölde kyrk gün bolup, şeýtan tarapyndan synaga salyndy. Ol ýabany haýwanlaryň arasynda ýaşady, perişdeler Oňa hyzmat etdiler.


Isa ol ýerde kyrk günläp iblis tarapyndan synaga salyndy. Şol günleriň dowamynda Ol hiç zat iýmedi, kyrk günden soň bolsa ajykdy.


Edil birinji gezekdäki ýaly, men dagda kyrk gije-gündizläp galdym. Bu gezek hem Reb meni diňledi. Reb sizi ýok etmek pikirinden el çekdi.


Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“».


Soňra men öňki ýaly ýüzin düşüp, kyrk gije-gündizläp Rebbiň huzurynda boldum. Ne çörek iýdim, ne-de suw içdim. Rebbiň nazarynda pis işleri edip, Onuň gaharyny getirmek bilen eden ähli günäleriňiz üçin men şeýle etdim.


Reb sizi ýok etmegi ýüregine düwende, men kyrk gije-gündizläp Onuň öňünde ýüzin düşüp ýatdym.


Men iki ýasy daş bölegini almaga, ýagny Rebbiň siz bilen eden äht daşlaryny almaga daga çykanymda, men kyrk gije-gündizläp dagda boldum. Ol ýerde men ne çörek iýdim, ne-de suw içdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ