Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 24:12 - Mukaddes Kitap

12 Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek» diýdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Реб Муса: «Мениң яныма дага чыкып, ол ерде гараш. Халка өвретмек үчин, Мен саңа йүзүне канун ве табшырыкларым язылан ики саны ясы даш бөлегини берҗек» дийди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 24:12
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ylýasa: «Daşary çyk-da, dagda Meniň huzurymda dur, çünki Men-Reb şol ýerden geçerin» diýdi. Rebbiň öňünde daglary, daşlary ýarýan şeýle bir güýçli ýel turdy, ýöne Reb ýeliň içinde geplemedi. Ýelden soň ýertitreme boldy, ýöne Reb ýertitremede hem geplemedi.


Ezra Rebbiň kanunyny öwrenip, ony berjaý etmegi, Ysraýylda onuň parzlaryny, hökümlerini öwretmegi ýüregine düwüpdi.


Sen Sinaý dagynyň depesine inip, gökden olar bilen gürleşdiň. Olara dogry hökümler, hak kanunlar, oňat parzlar hem tabşyryklar berdiň.


Öz mukaddes Sabat günüňi olara aýan etdiň. Guluň Musanyň üsti bilen olara tabşyryklar, parzlar we kanunlar berdiň.


Musa Hudaý bilen duşuşmak üçin daga çykdy. Dagyň depesinden Reb ony çagyryp, şeýle diýdi: «Ysraýyllara, ýagny Ýakubyň nesline şuny aýt:


Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy.


Musa, seniň ýeke özüň Meniň golaýyma gel, beýlekiler ýakynlaşmasynlar, halk hatda daga-da aýak basmasyn» diýdi.


Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy.


Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler.


Reb Musa: «Öňkä meňzeş edip, iki sany ýasy daş ýasa. Men olaryň ýüzüne şol seniň birinji döwen ýasy daşlaryň ýüzündäki sözleri ýazjak.


Reb şuny aýdýandyr: «Ine, ol günlerden soň, Meniň ysraýyl halky bilen baglaşjak ähtim şudur: Men kanunymy olaryň aňyna salyp, ýüreklerine ýazaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar-da Meniň halkym bolar.


Şonuň üçin hem kim bu buýruklaryň iň kiçisinden birini bozsa we şeýle etmegi başgalara öwretse, ol Gögüň Şalygynda iň kiçi saýylar. Emma kim bulary berjaý edip, başgalara-da öwretse, ol Gögüň Şalygynda uly saýylar.


Mesihiň haty sizsiňiz. Bu mese-mälim zat. Bu hatymyz hyzmatymyzyň netijesidir. Biz ony syýa bilen däl-de, diri Hudaýyň Ruhunyň güýji arkaly ýazdyk. Ol ýasy daş böleklerine däl-de, ynsan ýüregine ýazylandyr.


Hawa, daş böleklerine oýulyp ýazylan Kanun ölüme höküm edýärdi. Emma muňa garamazdan, Hudaýyň şöhraty Musanyň ýüzüne çaýylypdy. Bu nur öçügsi bolsa-da, ysraýyl halkynyň gözüni gamaşdyrypdy. Eger ölüme höküm edýän hyzmatyň şöhraty şeýle bolsa,


Şol wagt siziň Iordan derýasyndan geçip mülk edinjek ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin size şu parzlary we hökümleri öwretmegi Reb maňa tabşyrdy.


Reb bu sözleri dagda ot içinden, buludyň we tüm garaňkylygyň içinden gaty ses bilen tutuş jemagata aýtdy. Başga hiç zat goşmady. Ol bu sözleri iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi».


Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“».


Bu otagda ýakymly ysly tütetgi sypasy we Äht sandygy bardy. Olaryň ikisi hem sap altyndan ýasalandy. Äht sandygynda içi mannadan doly altyn golça, Harunyň güllän hasasy, tabşyryklar ýazylan iki daş bölegi bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ