Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 24:1 - Mukaddes Kitap

1 Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Соңра Реб Муса: «Сен, Харун, Надап, Абыху ве Ысрайылың етмиш саны яшулусы Мениң яныма гелип, Маңа узакдан сежде эдиң.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 24:1
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Imranyň ogul-gyzy: Harun, Musa we Merýem. Harunyň ogullary: Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar.


Ýakubyň ähli nesilleriniň sany jemi ýetmişdi. Ýusup eýýäm Müsürdedi.


Reb Sinaý dagynyň depesine inende, Ol Musany dagyň depesine çagyrdy. Musa ýokary çykdy.


Reb oňa: «Aşak düş-de, Haruny özüň bilen alyp gel, ýöne ruhanylar we adamlar Meniň ýanyma çykjak bolup, serhedi bozmasynlar, ýogsam, Men ol adamlary heläk ederin» diýdi.


Reb Musa: «Ine, seniň bilen gepleşenimde, adamlar eşider ýaly we olar saňa hemişelik ynanar ýaly, Men seniň ýanyňa goýy bulutda gelerin» diýdi. Musa halkyň sözlerini Rebbe aýdanda,


Musa Hudaýyň bolýan tüm garaňkylygyna ýakynlaşanda, adamlar uzakda durdular.


Musa, seniň ýeke özüň Meniň golaýyma gel, beýlekiler ýakynlaşmasynlar, halk hatda daga-da aýak basmasyn» diýdi.


Soňra Musa, Harun, Nadap, Abyhu we ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy daga çykdy.


Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.


Soňra Hudaý: «Mundan ýakyn gelme, aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr!


Säher bilen taýýar bol. Sinaý dagyna çykyp, dagyň depesinde Meniň huzurymda dur.


Harun Eminadabyň gyzy, Nahşonyň gyz dogany Elişeba öýlendi we olaryň Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar diýen ogullary boldy.


Olaryň öňünde bolsa ysraýyl halkynyň ýaşulularyndan ýetmiş kişi durdy. Olaryň ortasynda Şapanyň ogly Ýazanýa durdy. Her haýsynyň elinde ýakymly ysly tütetgi gaby bardy. Tütetginiň ysy bulut kimin ýokary göterilýärdi.


Reb Musa şeýle diýdi: «Halkyň arasynda olaryň baştutanlary we serkerdeleri hökmünde tanalýan ýetmiş ýaşulyny Meniň ýanyma ýygna. Olary Maňa ýüz tutulýan çadyra getir, goý, olar seniň ýanyňda dursunlar.


Şundan soň Reb Isa başga ýetmiş iki adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady.


Onsoň şol ýetmiş iki şägirt uly şatlyk bilen dolanyp gelip: «Eý, Agam! Seniň adyňy agzanymyzda, arwah-jynlar hem bize boýun bolýarlar» diýdiler.


Şeýlelikde, men siziň her tiräňizden saýlanan bu akylly-paýhasly we tejribeli adamlary siziň üstüňizden baştutan edip, müňbaşylar, ýüzbaşylar, ellibaşylar, onbaşylar goýdum we beýleki baştutanlary belledim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ