Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 23:7 - Mukaddes Kitap

7 Ýalan işden daşda dur. Bigünä we dogruçyl adamy öldürme, çünki Men günälini aklamaýaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Ялан ишден дашда дур. Бигүнә ве догручыл адамы өлдүрме, чүнки Мен гүнәлини акламаярын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 23:7
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol Rebbe golaýlaşyp, Oňa şeýle diýdi: «Sen beýtseň, günäliniň oduna bigünä-de ýanmazmy?!


Gudratygüýçlä tarap öwrülseň, öňki halyňa gowşarsyň, etmişi çadyryňdan uzaklaşdyrsaň,


«Ýalan gep ýaýratma. Ýalana şaýatlyk edip, ýaramaz adama gol berme.


Müňlerçe nesillere sadyk söýgimi görkezerin. Etmişi, ýazygy we günäni bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň çagalarynyň çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin».


Men söz berýän, elbetde, ýaman jezasyz galmaz, dogrularyň nesilleri gutular.


Erbedi aklaýan bilen dogruçyl adamy ýazgarýanyň ikisini-de Reb ýigrenýändir.


Dogruçyl ýaşap, dogry sözleýänler sütem bilen gazanylan gazanjy ýigrenýänler, elini para almakdan saklaýanlar, gan döküşiklige gulak gabartmaýanlar, ýamanlyga gözlerini ýumýanlar


Ýamana ýagşy, ýagşa ýaman diýýänleriň, zulmaty nur, nury zulmat saýýanlaryň, aja süýji, süýjä ajy diýýänleriň dat gününe!


Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň.


Öz halkyňyň arasynda ýalan gep gezdirme, adalatsyz höküm zerarly ildeşiňe howp abanýan bolsa, şaýat onuň arkasynda dursun. Men Rebdirin.


Reb giň göwünli we gudratlydyr, Ol ýazyklyny jezasyz goýmaz. Rebbiň ýoly tupanly we gaýlydyr, bulutlar Onuň aýak tozudyr.


Onsoň esgerler-de: «Biz näme etmeli?» diýip soradylar. Olara: «Hiç kimden zorluk bilen pul almaň, nähak ýere töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.


Ýamanlyklary bilen hakykaty bökdeýän adamlaryň hudaýsyzlygyna we ýamanlygyna garşy Hudaý Öz gahar-gazabyny gökden aýan edýär.


Indi ýalan sözlemäň-de, her biriňiz öz ýakynyňyza hakykaty aýdyň. Çünki biziň hemmämiz bir bedeniň agzalarydyrys.


Iki adam dawalaşsa, goý, olar kazylaryň ýanyna barsynlar. Kazylar olaryň arasyndaky dawany çözüp, dogryny dogry, günäkäri günäkär diýip jar etsinler.


„Nähak gan dökmek üçin para alana nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ