Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 23:2 - Mukaddes Kitap

2 Erbet iş edýän köpçüligiň yzyna düşme. Bir dawada şaýatlyk edeniňde, köpçüligiň tarapynda durup, adalatdan ýüz dönderme.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Эрбет иш эдйән көпчүлигиң ызына дүшме. Бир давада шаятлык эдениңде, көпчүлигиң тарапында дуруп, адалатдан йүз дөндерме.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 23:2
36 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-garry ähli erkek adamlary Lutuň öýüniň daşyny gabadylar.


Hudaý ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň azgynçylyga ýüz urandygyny gördi.


Reb Nuha şeýle diýdi: «Ähli maşgalaň bilen gämä mün, çünki Men seniň döwürdeşleriňiň içinden diňe seniň dogruçyl adamdygyňy gördüm.


Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


Ýöne tas büdräpdi meniň aýaklarym, tas taýypdy meniň gadamlarym.


eý, oglum, olar bilen bir ýoldan ýöreme, olaryň ýol-ýodasyna gadam urma.


Hökümde erbediň tarapynda bolup, dogruçyly haksyz çykarmak dürs däldir.


Erbediň ýodasyna gadam basma, ýöreme ýamanlaryň ýolundan.


Ýermeýa gaharlary gelen ýolbaşçylar, ony ýenjip, tussaghana taşladylar. Bu zyndan öň Ýonatan kätibiň öýüdi.


Onsoň Sidkiýa patyşa Ýermeýany garawulhanada gabap saklamaklaryny buýurdy. Şäherde çörek bütinleý gutarýança, her gün oňa çörekçileriň köçesinden bir çörek getirip bermeklerini buýurdy. Şeýdip, Ýermeýa garawulhanada galdy.


«Eý, jenabym patyşa! Bu adamlar Ýermeýa pygamberi gurruk guýa taşlap pislik etdiler. Ol açlykdan öler, sebäbi indi şäherde çörek ýok» diýdi.


Ol maňa: «Ysraýyl bilen ýahuda halkynyň ýazygy juda çökder, ýurt gandan, şäher adalatsyzlykdan doly. Olar: „Reb ýurdy terk etdi, Reb görmeýär“ diýýärler.


Höküm çykaranyňda adalatsyzlyk etme. Garybyň tarapyny tutup ýa-da baýdan heder edip, adalatsyzlyk etme, ildeşiňe hemişe adalatly höküm çykar.


«Bu öý haraba bolup ýatyrka, özüňiziň kaşaň jaýlarda ýaşamagyňyzyň wagtymy?


Şonda Pilat halky kanagatlandyrmak kararyna gelip, Barabbasy boşatdy. Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.


Özi-de mejlisiň kararyna we işine razylyk bermändi. Ýusup Ýahudyýanyň Arimatiýa şäherinden bolup, Hudaýyň Şalygyna garaşýardy.


Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.


Festus ýahudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusdan: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda özüňe kazylyk edilmegini isleýärsiňmi?» diýip sorady.


Olar Hudaýyň adalatly Kanunyna görä şeýle işleri edýänleriň ölüme mynasypdygyny bilseler-de, öz edýän işlerinde ilerleýärler. Munuň bilen çäklenmän, başgalaryň hem şeýle etmegini oňlaýarlar.


Siz kazylyk edeniňizde, tarapgöýlik etmeli dälsiňiz: uly dawany-da, kiçi dawany-da deň diňläň. Hiç kimden gorkmaň, çünki çözgüt Hudaýdandyr. Size çözmesi kyn düşen dawany maňa getiriň, ony özüm diňlärin“ diýdim.


Adalatsyzlyk, tarapgöýlik etmäň, para almaň. Para danalygyň gözüni kör eder we dogrynyň işini ters eder.


Gelmişege ýa-da ýetime höküm edilende, egrilik etmäň. Duluň geýimini girewine almaň.


Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin».


Şawul Şamuwele şeýle jogap berdi: «Men günä gazandym, çünki men Rebbiň buýrugyny ýerine ýetirmedim, seniň sözüňi tutmadym. Sebäbi men halkdan gorkup, halkyň diýeni bilen boldum.


Ýöne olar Agagy we goýunlardyr öküzleri, baga bakylan mallary, guzularyň semizlerini mahlasy, gowy zatlary diri galdyrdylar we olary bütinleý ýok etmediler. Olar diňe derde ýaramajak zatlary bütinleý ýok etdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ