Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 22:23 - Mukaddes Kitap

23 Eger ezýet berseňiz, olar hem maňa nalyş etseler, Men hökman olaryň perýadyny eşiderin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Эгер эзъет берсеңиз, олар хем маңа налыш этселер, Мен хөкман оларың перядыны эшидерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 22:23
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garyplaryň nalasy Hudaýa baryp ýetdi, Ol ezilenleriň nalasyny eşitdi.


Ynsanlar agyr sütem astynda perýat edýärler, güýçlüleriň elinden gutulmak üçin ýardam soraýarlar.


Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.


Meni nähak ýere ýigrenýänleriň sany başymyň saçyndan hem köp; janyma kast etmekçi bolup, ýalan ýere maňa günä ýapýan ýagylarym köp. Men ogurlamadyk zadymy gaýtaraýynmy?


Çünki bu onuň ýeke-täk ýapynjasydyr. Onsuz ol näme ýapynyp ýatsyn? Eger ol Maňa nalyş etse, eşiderin, çünki Men rehimlidirin.


Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy?


Ol ýetimiň we duluň hakyny alyp berýär. Gelmişekleri gowy görüp, olary iýmit we geýim-gejim bilen üpjün edýär.


Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz.


Her gün siz olaryň hakyny Gün ýaşmanka tölemelisiňiz. Sebäbi olar garyp we olaryň gün-güzerany şoňa baglydyr. Ýogsam olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ