Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.
Özüňiziň hem Müsürde gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şonuň üçin men size şeýle etmegi buýurýaryn.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.
Seresap boluň, kalbyňyzda erbet pikir bolmasyn. Siz: „Ýedinji ýyl – karz geçiş ýyly golaý“ diýip, açgözlük edip, mätäç ysraýyl doganyňyza hiç zat bermän goýmaň. Ýogsam, doganyňyz siziň garşyňyza Rebbe dady-perýat eder we siz ýazykly bolarsyňyz.