Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 21:1 - Mukaddes Kitap

1 «Şu hökümleri ysraýyllara ýetir:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 «Шу хөкүмлери ысрайыллара етир:

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 21:1
27 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Galalarynda ýaşaýan ýoldaşlaryňyzdan size gelen her işde, isle adam öldürmek dawasy bilen, isle kanun, tabşyryk, parzlar ýa-da hökümler işi bilen bolsun, Rebbe garşy günä etmezlige olara duýduryş beriň. Şonda siziň we ýoldaşlaryňyzyň üstünden Onuň gazaby inmez. Şeýle ediň, şonda siz ýazykly bolmarsyňyz.


Şeýlelikde, Musa gelip, ysraýyllaryň ýaşulularyny çagyrdy we Rebbiň buýran sözleriniň hemmesini olara aýan etdi.


Men olara parzlarymy we hökümlerimi berdim. Bu hökümleri berjaý eden her bir adam ýaşar.


Munuň üçin Men olara ýagşy bolmadyk parzlary we ýerine ýetiren adam aman galmaz ýaly hökümleri berdim.


Emma siz Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, bu nejis işleri etmäň. Ýerli halk-da, araňyzda ýaşaýan gelmişekler-de şeýle pis işleri etmesinler.


Meniň parzlarymy, hökümlerimi berjaý ediň. Olary berjaý eden aman galar. Men Rebdirin.


Siz Meniň ähli parzlarymy, ähli hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň. Men Rebdirin“».


Mesgen tutmagyňyz üçin alyp barýan ýurdumyň sizden ýüz döndermezi ýaly, siz Meniň parzlarymy we hökümlerimi saklap, olary berjaý ediň.


Gulum Musanyň kanunyny, bütin Ysraýyl üçin Meniň Horep dagynda onuň üsti bilen buýran parzlarymy we hökümlerimi ýatlaň.


ganhor bilen öldürileniň hossarynyň arasyndaky dawany şu kada-kanunlar boýunça jemagat çözsün.


Iordan derýasynyň boýunda, Ýerihonyň garşysynda ýerleşýän Mowap düzlüginde Rebbiň Musa arkaly ysraýyllara beren parzlardyr hökümleri şulardan ybaratdy.


Size buýran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men hemişe, tä dünýäniň ahyryna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi.


Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz.


Şol wagt siziň Iordan derýasyndan geçip mülk edinjek ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin size şu parzlary we hökümleri öwretmegi Reb maňa tabşyrdy.


Ine, Müsürden çykanlaryndan soň Musanyň ysraýyllara aýdan düzgünleri, parzlary we hökümleri.


Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim.


Häzir meniň size öwredýän bu tutuş Kanunym ýaly adalatly parzlarydyr hökümleri bolan başga beýik millet barmyka?


Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz.


Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“».


«Hudaýyňyz Rebbiň size öwret diýip maňa tabşyran ähli tabşyryklary, parzlarydyr hökümleri – ine, şulardyr. Siz bulary Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda ýerine ýetirmelisiňiz.


Wagt gelip, çagalaryňyz sizden: „Hudaýymyz Rebbiň size buýran bu düzgünleriniň, parzlarynyň we hökümleriniň näme manysy bar?“ diýip sorasalar,


Eý, doganlar, biz Hudaýy razy etmek üçin nähili ýaşamalydygyny size öwretdik. Siz hakykatdan hem şeýle ýaşaýarsyňyz. Indi bolsa şeýle ýaşamakda has-da ilerlemegiňizi Reb Isanyň adyndan size ündeýäris.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ