Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 20:7 - Mukaddes Kitap

7 Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

7 Худайың Реббиң адыны бош ере агзама, чүнки Реб Өз адыны бош ере агзан адамы җезасыз гоймаз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 20:7
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Yshak oglundan: «Awy nädip beýle çalt tapyp bildiň?» diýip sorady. Ýakup: «Hudaýyň Reb maňa tapmaga kömek etdi» diýip jogap berdi.


Emma sen Şimgini jezasyz galdyrma, çünki sen paýhasly adamsyň we oňa näme etmelidigiňi özüň bilersiň. Şimgi garrylyk çagynda ölüler dünýäsine asudalykda inmesin».


Hudaýyň adamy Elýaşanyň hyzmatkäri Geýhazy: «Meniň jenabym bu siriýaly Nagamana rehim edip, onuň özüne getiren peşgeşini kabul etmedi. Rebden ant içýärin, men onuň yzyndan ylgap gidip, ondan bir zatlar alaýyn» diýen pikire geldi.


Emma soňra sözüňizden dänip, Meniň adyma ysnat getirdiňiz. Öz islän ýerlerine giden guldur gyrnagy ähliňiz yzyna getirdiňiz, olary ýene-de zor bilen gul we gyrnak edindiňiz.


Halkym Ysraýylyň içinde mukaddes adymy aýan ederin; mundan beýläk mukaddes adymyň harlanmagyna ýol bermerin; onsoň milletler Ysraýylda mukaddes bolan Meniň Rebdigimi bilerler.


Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Rebdirin.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Men sizi gynandyrmaýyn diýip, Korintosa dolanyp barmadym. Munuň hakykatdygyna Hudaý-da şaýatdyr.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.


Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz.


Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň.


Ozaly bilen, eý, doganlarym, höküm edilmeziňiz ýaly, gökdenem, ýerdenem, mahlasy hiç zatdan ant içmäň. Jogabyňyz diňe «hawa» ýa-da, «ýok» bolsun.


Şoňa görä-de, meniň size rehimdarlyk edişim ýaly, siziň hem maňa we atamyň maşgalasyna rehim etjekdigiňize öz Hudaýyňyz Rebden ant içiň. Size doly ynanar ýaly maňa bir nyşan beriň.


Ol adamlar Rahaba şeýle diýdiler: «Eger biz bu ýurdy basyp alanymyzda, bizi aşak düşüren penjiräňe şu gyzyl ýüpi daňmasaň we kakaňy, ejeňi, doganlaryňy, ataňyň ähli maşgalasyny öz öýüňe ýygnamasaň, biz hem seniň içiren antyňdan azatdyrys.


Biz olar bilen şeýle ederis: öz eden kasamymyza Rebbiň gazaby başymyzdan inmez ýaly, olary diri galdyrarys.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ