Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 20:5 - Mukaddes Kitap

5 Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Сен олара тагзым этме я-да олара гуллук этме, чүнки Мен Худайың Реб габанҗаң Худайдырын. Мени йигренйән аталарың этмишиниң җезасыны оларың чагаларының үчүнҗи ве дөрдүнҗи аркасына чекдирерин.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 20:5
65 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.


Ylýas Oňa şeýle jogap berdi: «Men Hökmürowan Hudaý Rebbe gaty wepaly boldum. Ysraýyllar Seniň ähtiňi unudyp, Seniň gurbanlyk sypalaryňy ýykyp, Seniň pygamberleriňi öldürdiler. Meniň diňe ýeke özüm galdym. Olar şu wagt meniň janyma kast etmek üçin meni yzarlap ýörler».


«Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».


Reb Ýakubyň nesilleri bilen äht edip, olara şeýle tabşyryk beripdi: «Siz keseki hudaýlara sežde etmäň, olaryň öňünde dyza çöküp, olara gullugam etmäň, gurbanlygam bermäň.


Şeýdip, bu milletler hem Rebbe, hem oýulyp ýasalan butlaryna sežde etdiler. Ata-babalary näme eden bolsalar, ogullary-da, nesilleri-de tä şu güne çenli şolaryň edenlerini gaýtalap gelýärler.


Manaşanyň Rebbiň gaharyny getirip, eden pis işleri zerarly Onuň Ýahuda garşy tutaşan gazaby entek hem sowamandy.


Emma Reb meni şu işde bagyşlasyn: jenabym sežde etmek üçin Rimmon buthanasyna girende, meniň elimden ýapyşýar. Şonda men hem Rimmon buthanasynda onuň bilen sežde etmeli bolýaryn. Men ol ýerde sežde edenimde, goý, Reb men–guluňy bu iş üçin bagyşlasyn».


Şonuň üçin hem Nagamanyň deri keseli senden we seniň nesliňden hiç haçan aýrylmasyn» diýdi. Şeýdip, Geýhazy gar ýaly duw-ak deri keseli bilen Elýaşanyň ýanyndan çykyp gaýtdy.


Amazýa edomlylardan üstün çykyp gelende, Segir halkynyň hudaýlaryny getirip, olary öz hudaýlary hökmünde goýup, olara sežde edip, olara gurbanlyklar ýakdy.


Emma siz Meniň yzyma eýermekden ýüz dönderseňiz, öňüňizde goýan tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý etmän, gidip başga hudaýlara hyzmat edip, olara sežde etseňiz, onda Men ysraýyl halkyny özlerine beren ýerimden mahrum ederin. Özüme ybadat edilmegi üçin mukaddes eden bu öýümi ret ederin. Ysraýyl halky beýleki halklara gep hem gülki bolar.


Siz: „Hudaý atalarynyň jezasyny çagalaryna çekdirýär“ diýýäňiz. Goý, atalaryň muny bileri ýaly, Hudaý olara almytyny bersin.


Çagalary howpsuzlykdan uzakdyr, adalatdan mahrum edilýärler olar, howandarlyk edýän ýokdur olara.


Bizi dikelt, eý, Hökmürowan Hudaý! Ýüzüň nur saçsyn, halas bolaly.


Siz olaryň hudaýlaryna tagzym etmäň we olara gulluk etmäň. Olaryň dini adatlaryna uýmaň, gaýtam, olaryň butlaryny döwüp, dikme daşlaryny kül-peýekun ediň.


Başga hudaýa sežde etmäň, sebäbi Gabanjaň atly Reb gabanjaň Hudaýdyr.


Kim meni tutmasa, öz janyna zyýan edýär. Meni ýigrenýänleriň ählisi ölümi söýýändir».


Agaç ynsana odun bolýar, ol getiren oduny bilen hem ýylynýar, oduny ýakyp, çörek bişirýär. Şeýle hem özüne bir taňry ýasap, ybadat edýär oňa, but ýasap, sežde edýär oňa.


Hiç kim oýlanyp görmeýär, «Odunyň ýarysyny ýakdym, közüne çörek bişirdim, etden kebap edip iýdim, indi galanyndan ýigrenji zat ýasaýynmy? Bir bölek agaja sežde edeýinmi?» diýer ýaly akyl-paýhas ýok.


Şonuň üçin hem Men ýene bir gezek sizi ýazgarýaryn. Muny Reb aýdýandyr. Men siziň çagalaryňyzyň çagalaryny hem ýazgarýaryn.


Sen müňlerçe ynsanlara sadyk söýgiňi görkezýärsiň, emma atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalaryna çekdirýärsiň. Eý, beýik we gudratly Hudaý! Seniň adyň Hökmürowan Rebdir.


Ýöne siz: „Näme üçin ogul atasynyň ýazygyny çekmeýär?“ diýýärsiňiz. Sebäbi bu ogul adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirdi, Meniň ähli parzlarymy berk saklap, olary doly berjaý etdi; ol hökman diri galar.


«Näme üçin siz Ysraýyl ýurdy hakynda „Atalar turşy üzüm iýdiler, ogullaryň dişi gamaşdy“ diýen nakyly aýdýarsyňyz?


Onsoň Men olara: „Her kim göz dikýän nejis zatlaryny taşlasyn, özüňizi Müsür butlary bilen haram etmäň; Hudaýyňyz Reb Mendirin“ diýdim.


Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn.


Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy.


Taňry Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakymy hem-de Hudaýyň ybadathanasyndaky gap-gaçlaryň bir bölegini onuň golastyna berdi. Nebukadnesar ol zatlary Şingara getirdi. Ol Hudaýyň ybadathanasyndan getirilen gap-gaçlary öz hudaýlarynyň buthanasyndaky gaznasynda goýdy.


Ýöne Ol bizi halas etmese-de, eý, patyşahym, şuny bilip goýgun: biz seniň hudaýlaryňa gulluk etmeris, seniň diken altyn heýkeliňe sežde etmeris».


Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Siz açlygyňyzdan ýaňa ogullaryňyzyň, gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz.


Reb gabanjaň we öç alýan Hudaýdyr, Ol ar alýandyr we gazapdan doludyr, duşmanlaryndan öç alýandyr, ýagylaryna garşy gazaplanýandyr.


Sen: „Men-Reb – giň göwünli, sadyk söýgä baý. Etmişi we ýazygy bagyşlaýaryn. Ýöne günälini jezasyz hem goýmaýaryn. Atalarynyň etmişiniň jezasyny çagalaryna, olaryň üçünji we dördünji arkasyna çekdirýärin“ diýipdiň.


Siziň çagalaryňyz hem kyrk ýyllap çölde göçüp-gonup gezerler we siziň biwepadygyňyz üçin jebir çekerler. Bu siziň hemmäňiz ölüp gutarýançaňyz dowam eder.


«Ysraýyl halkyndan Meniň gaharymy Elgazaryň ogly, ruhany Harunyň agtygy Pinehas gaýtardy, olaryň arasynda ol Maňa özüniň hakyky wepadardygyny görkezdi. Şonuň üçin men olary gabanyp, bütinleý ýok etmedim.


«Eger dyzyňa çöküp, maňa sežde etseň, bularyň baryny Saňa bereýin» diýdi.


Dünýä sizi ýigrenýän bolsa, onuň sizden öň Meni ýigrenendigini biliň.


Dünýä sizi ýigrenip bilmez, emma Meni ýigrenýär, sebäbi Men onuň işleriniň erbetdigine şaýatlyk edýärin.


Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär? Onuň özi günäkärmi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar.


töhmetçi, tekepbir, öwünjeň bolup, Hudaýy ýigrenýärler, ýamanlyk etmegiň her tüýsli ýollaryny tapýarlar, ata-enelerine gulak asmaýarlar.


Ynsan höweslerinden döreýän pikirler Hudaýa duşmandyr. Sebäbi olar Hudaýyň Kanunyna tabyn däldir, aslynda tabyn bolmagy başarýan hem däldir.


Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?


Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.


Men lowurdaýan gylyjymy çarhlap, höküm etmek üçin elime alsam, duşmanlarymdan ar alaryn, Meni ýigrenýänleň jezasyny bererin.


Çünki Hudaýyňyz Reb ýakyp-ýandyryjy bir otdur, Ol gabanjaň Hudaýdyr.


Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin.


Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb – gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.


Çünki araňyzdaky Hudaýyňyz Reb gabanjaň Hudaýdyr. Hudaýyňyz Rebbiň gazaby size garşy tutaşsa, Ol sizi ýer ýüzünden ýok edip taşlar.


Emma Ol Özüni ýigrenýänleriň ýigrençlerini öz başlaryndan inderip, olary şobada ýok edýär.


Eý, biwepalar, dünýä bilen dostluk Hudaýa duşman bolýandygyny bilmeýärsiňizmi? Kim dünýä bilen dostlaşsa, Hudaýa duşman bolýandyr.


Eger-de siz özüňize berjaý etmek üçin berlen Hudaýyňyz Rebbiň ähtini bozsaňyz we başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde etseňiz, onda Rebbiň gahar-gazaby siziň garşyňyza tutaşar. Siz Rebbiň beren bu oňat ýerinde şobada heläk bolarsyňyz».


Araňyzda galyp, ýaşap ýören bu gelmişek milletler bilen garyşmaň, olaryň hudaýlarynyň atlaryny agzamaň, olaryň adyndan ant içmäň, olara gulluk edip, sežde etmäň.


Ýeşuwa halka: «Siz Rebbe gulluk edip bilmersiňiz, çünki Ol mukaddes Hudaýdyr, Ol gabanjaň Hudaýdyr. Siziň ýazyklaryňyzy ýa-da günäleriňizi bagyşlamaz.


Emma serdar ölen badyna, olar ýene öňki ýollaryna dolanýardylar, ata-babalaryndan beter bozulýardylar; başga hudaýlara gulluk edip, olara sežde ederdiler. Şeýdip, olar tekepbirlik bilen özleriniň bet işlerinden el üzmediler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ