Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 20:4 - Mukaddes Kitap

4 Özüň üçin ýokarda gökde, aşakda ýerde ýa-da ýerasty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Өзүң үчин ёкарда гөкде, ашакда ерде я-да ерасты сувларда яшаян затларың хич бирине меңзеш шекилде бут ясама.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 20:4
41 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şeýdip, patyşa pikirini jemläp, iki sany altyn göle ýasap, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Iýerusalime şu wagta çenli gatnanyňyz besdir. Eý, ysraýyllar, sizi Müsürden çykaran hudaýlaryňyz şulardyr».


Olar Rebbiň: «Siz butlara sežde etmäň» diýip aýdan sözüne gulak asman, butlara sežde etdiler.


Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Hudaýyň öýünde goýdy. Bu öý Hudaýyň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.


Güwwüldeşsin deňiz we ondakylaryň ählisi, dünýä we onda ýaşaýanlaryň bary.


Özüňiz üçin Menden başga altyn-kümüşden hudaýlar ýasamaň.


Halk Musanyň dagdan yzyna dolanman, ol ýerde köp eglenenini görüp, Harunyň daşyna üýşdüler we oňa: «Öňbaşçylyk eder ýaly, hany, bize bir hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny biz bilemzok» diýdiler.


Olar maňa: „Öňbaşçylyk eder ýaly, bize hudaý ýasa, çünki bizi Müsürden çykaryp getiren Musa diýen adama näme bolanyny bilemzok“ diýdiler.


Harun galyp etdi, olaryň altynlaryny eredip, ondan göläniň heýkelini ýasady. Adamlar muňa: «Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur» diýişdiler.


Olar Meniň aýdan ýolumdan gaty çalt çykdylar. Olar özlerine göleden but ýasap, oňa sežde etdiler. Oňa sadaka berip: „Eý, Ysraýyl, ine, sizi Müsürden çykaran hudaýyňyz şudur“ diýişdiler».


Oýma butlara bil baglap, guýma butlara: «Hudaýlarymyz sizsiňiz» diýýänler yzlaryna uly utanç bilen dönderiler.


Men Rebdirin. Bu Meniň adymdyr; şöhratymy başga hiç kese, öwgülerimi butlara bermerin.


Ähli but ýasaýanlar utandyrylar, ryswa ediler; ählisi bile ryswa bolar olaryň.


Onsoň Men olara: „Her kim göz dikýän nejis zatlaryny taşlasyn, özüňizi Müsür butlary bilen haram etmäň; Hudaýyňyz Reb Mendirin“ diýdim.


Men içerik girip seretdim, diwaryň töwerek-daşyna her hili süýrenijileriň, ýigrenji haýwanlaryň we ysraýyl halkynyň ähli butlarynyň suratlary çekilendi.


Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy.


Guýma butlary we başga hili butlary ýasap, olara sežde etmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Özüňize butlar ýasamaň, heýkeller we uly daşlar dikmäň. Sežde etmek üçin ýurduňyzda oýma daş dikmäň. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Men onuň bilen syrly däl-de, açyk, ýüzbe-ýüz gepleşýärin. Hatda ol Men Rebbiň keşbini-de görýär. Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge gorkmadyňyz?“»


Hawa, biz Hudaýyň zürýatlarydyrys. Şonuň üçin-de, biz Ony ynsan sungaty we hünäri arkaly altyndan, kümüşden ýa-da daşdan ýasalan heýkele meňzetmeli däldiris.


baky Hudaýa sežde etmän, pany adamyň, guşlaryň we süýrenijileriň keşbindäki butlara sežde etdiler.


Şeýle hem özüňize dikme daşlary gurmaň, çünki bu zatlar Hudaýyňyz Rebbiň ýigrenýän zatlarydyr.


„Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“ Ähli halk „Omyn!“ diýsin.


Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.


Birinji perişde gidip, käsesini ýere dökdi. Jandaryň tagmasy bolan we onuň heýkeline sežde eden adamlarda erbet we agyryly ýaralar peýda boldy.


Bu belalardan aman galan adamlar şonda-da elleriniň pis işlerinden dänip, toba gelmediler. Olar jynlara, altyndan, kümüşden, bürünçden, daşdan we agaçdan ýasalyp, eşitmeýän, görmeýän, ýöremeýän butlara sežde etmeklerini bes etmediler.


Ol bir müň bir ýüz sany kümüş teňňäni ejesine gaýtaryp berdi. Ejesi oňa: «Oglum, men seniň üçin bu kümüşlerden oýma hem-de guýma but ýasatmakçy bolup, öz elim bilen Rebbe niýetledim, olary saňa berýärin» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ