Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 2:24 - Mukaddes Kitap

24 Hudaý olaryň nalyşyny eşitdi we Ol Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähtini ýadyna saldy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

24 Худай оларың налышыны эшитди ве Ол Ыбрайым, Ысхак ве Якуп билен эден әхтини ядына салды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 2:24
33 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb Ybrama şeýle diýdi: «Sen şuny bilip goýgun: seniň nesliň ýat toprakda gelmişek hem gul bolup ýaşar we şol ýeriň halky olary dört ýüz ýyllap ezer.


Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar. Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň, çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi.


Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.


Ybraýymdan beýik hem güýçli bir millet dörär. Ýer ýüzüniň ähli milletleri Ybraýymdan pata alarlar.


oňa: «Reb şeýle diýýär: „Men Öz adymdan ant içýärin. Seniň bu işi edendigiň üçin, ýagny öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmandygyň üçin,


Reb Yshaga görnüp, oňa şeýle diýdi: «Sen Müsüre gitmän, Meniň saňa görkezjek ýurdumda gelmişek bolup ýaşaber. Men seniň bilen bolaryn we seni ýalkaryn. Şu ýurdy tutuşlygyna Men saňa hem seniň nesliňe berjekdirin we ataň Ybraýyma eden wadamy ýerine ýetirjekdirin.


Şol gije Reb Yshaga görnüp: «Men seniň ataň Ybraýymyň Hudaýydyryn. Gorkma, Men seniň bilen biledirin. Men Öz gulum Ybraýymyň hatyrasyna saňa pata bererin hem seniň nesliňi köpelderin» diýdi.


Ol adam Ýakuba: «Indi seniň adyň Ýakup däl-de, Ysraýyl bolar, çünki sen Hudaý hem adamlar bilen göreş tutuşyp, olardan üstün çykdyň» diýdi.


Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar milletler dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar.


Ybraýyma, Yshaga beren ýurdumy saňa we seniň nesliňe bererin» diýdi.


Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.


Emma Reb Ybraýym, Yshak we Ýakup bilen eden ähti üçin ysraýyllara merhemet edip, rehim-şepagat görkezdi we olary goldady. Reb olary heläk etmek islemedi. Şu wagta çenli hem olary Öz huzuryndan kowmady.


Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym, Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.


Eý, Rebbiň edermen perişdeleri – Onuň buýruklaryny berjaý edýänler, Onuň aýdan sözüne tabyn bolýanlar, Rebbi alkyşlaň!


Duşmanlary olara jebir çekdirdi, olary güýç bilen boýun egdirdi.


Ýöreýşimi, ýatyşymy yzarlaýarsyň, meniň ähli ýollarymy Sen tanaýarsyň.


Sen maňa saçak ýazýarsyň duşmanlarymyň gözleriniň alnynda; ýag çalýarsyň meniň başyma; pürepürdir meniň pyýalam.


Daglar bürendi onuň saýasyna, äpet kedr daragty – şahalaryna.


Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym.


Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus.


Müsürde halkymyň çekýän jebir-sütemini gördüm, olaryň ahy-nalasyny eşitdim. Men olary azat etmek üçin aşak indim. Indi, gel, Men seni Müsüre ibereýin“ diýdi.


Reb olar üçin ýolbaşçy serdary çykaranda, Reb serdar bilen bile bolardy, serdaryň ähli ýaşan ömründe, Reb ysraýyllary duşmanlarynyň elinden halas ederdi. Çünki olar sütemiň we zulumyň goly astynda bolanlarynda, Reb olara rehim ederdi.


«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ