Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 2:23 - Mukaddes Kitap

23 Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

23 Көп вагтың гечмеги билен Мүсүр патышасы дүнйәден өтди. Ысрайыллар болса хениз хем гулчулыкда эзилйәндиклеринден налап, көмек сорап перят этдилер. Оларың зулум астында эдйән ахы-наласы Худая барып етди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 2:23
31 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar. Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň, çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi.


Reb Kabyla şeýle diýdi: «Sen nämeler etdiň?! Doganyňyň gany toprakdan Maňa perýat edýär.


Sen ata-babalarymyzyň Müsürde başyndan inen külpetlerini gördüň; Gyzyl deňziň kenaryndaky perýatlaryny eşitdiň.


Ynsanlar agyr sütem astynda perýat edýärler, güýçlüleriň elinden gutulmak üçin ýardam soraýarlar.


Rebbe alkyş aýt, eý, meniň köňlüm, mukaddes adyny alkyşla, eý, tutuş jan-bagrym.


Rebbe alkyş aýt, eý, meniň janym, Onuň eden ýagşylyklaryny asla unutma.


Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.


Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.


Midýanda Reb Musa: «Müsüre, yzyňa gaýdyber, çünki seniň janyňa kast etjek adamlaryň hemmesi öldi» diýdi.


Şeýle hem, Men ysraýyllaryň Müsürde gulçulykdan ýaňa ezilýändikleri sebäpli edýän ahy-nalasyny eşitdim we Öz eden ähtimi ýatladym.


Musa bu sözleri ysraýyllara aýdyp berdi, emma olar göwnüçökgündikleri we rehimsiz ezilýändikleri sebäpli Musany diňlemediler.


Faraon bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady.


Bu Müsür topragynda Hökmürowan Rebbe alamat we şaýat bolar. Olar zulumdarlary zerarly Rebbe perýat edenlerinde, Reb müsürlilere bir halasgär hem goragçy ýollap, olary halas eder.


Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi.


Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus.


Aradan kyrk ýyl geçenden soň, Sinaý dagynyň golaýyndaky çölde ýanyp duran çalynyň ortarasynda oňa bir perişde göründi.


Her gün siz olaryň hakyny Gün ýaşmanka tölemelisiňiz. Sebäbi olar garyp we olaryň gün-güzerany şoňa baglydyr. Ýogsam olar siziň garşyňyza Rebbe nalyş bilen ýüz tutarlar we siz günä gazanarsyňyz.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Ysraýyllar Rebbe perýat edip, Ondan kömek soradylar, Oňa ýalbardylar, sebäbi Ýabynyň dokuz ýüz sany demir söweş arabasy bardy we ol ýigrimi ýyl bäri ysraýyllary rehimsizlik bilen ezip gelýärdi.


Ýakup Müsüre gidende, müsürliler olary ezdiler, şonda siziň ata-babalaryňyz Rebbe perýat etdiler. Onsoň Reb Musa bilen Haruny iberip, olary Müsürden alyp çykdy we şu ýerde ornaşdyrdy.


«Ertir şu wagtlar Men seniň ýanyňa benýamin topragyndan bir adam ibererin. Sen onuň başyna ýag guýup, ony Meniň halkym Ysraýyla hökümdar bellärsiň. Ol Meniň halkymy piliştlileriň elinden halas eder. Halkymyň ejir çekýändigini Men gördüm, çünki olaryň ahy-nalasy Maňa ýetdi».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ