Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Müsürden çykyş 2:14 - Mukaddes Kitap

14 Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: «Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr» diýip pikir etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ол адам: «Ким сени бизиң үстүмизден хөкүмдар я казы эдип гойды? Дүйнки мүсүрлини өлдүришиң ялы, мени хем өлдүрмекчимиң?» дийди. Мундан соң Муса горкды ве ол: «Мениң эден ишим эййәм аян болупдыр» дийип пикир этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Müsürden çykyş 2:14
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn. Biz garyndaşdyrys.


Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar.


Ýakubyň beýleki ogullary öldürilenleriň ýanyna geldiler we öz uýalarynyň biabraý edilendigi üçin galany taladylar.


Patyşanyň gazaby arslan nagrasy kimindir, onuň razylygy bolsa otlaryň üstüniň çygy ýalydyr.


Adamdan gorkmak duzakdyr, Rebbe bil baglaýan bolsa aman galýandyr.


Bizi çölde öldürmek üçin, süýt we bal akýan Müsür topragyndan çykaryp, şu ýere getireniňi az görýärmiň? Ýene-de üstümizden höküm hem sürjek bolýarmyň?


Olar Musa bilen Harunyň garşysyna ýygnanyp: «Siz juda öte geçdiňiz! Bütin halk, her bir kişi mukaddesdir, Reb hem olaryň arasyndadyr. Şonda-da siz özüňizi näme üçin Rebbiň jemagatyndan ýokary tutýarsyňyz?» diýdiler.


Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.


Isa oňa: «Eý, ynsan, kim Meni siziň üstüňizden kazy ýa-da häkim edip belledi?» diýdi.


Begzadanyň halky ony ýigrenýän eken. Olar: „Bu adamyň biziň üstümizden şalyk sürmegini islemeýäris“ diýip, onuň yzyndan ilçiler iberýärler.


Üstlerinden patyşalyk etmegimi islemeýän duşmanlarymy bolsa, şu ýere getiriň-de, gözümiň alnynda öldüriň“ diýip jogap berýär».


Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady.


Ol patyşanyň gazabyndan gorkman, iman arkaly Müsüri terk etdi. Göze Görünmeýäni göreni üçin saýlan ýolunda berk durdy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ